HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Sankt-Peterburgda "1703" häzirki zaman sungat ýarmarkasy açyldy

Iýun 14, 2023 | 00:38 |7025
"1703" ikinji Sankt-Peterburg sungat ýarmarkasynyň açylyş dabarasy 13-nji
iýunda "Manež" sergi zalynda geçirildi. Taslama “Gazprom” Paýdarlar jemgyýetiniň
başlangyjy bilen Sankt-Peterburgyň Medeniýet komitetiniň goldamagynda guralyp,
çäre Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň medeniýet festiwalynyň
meýilnamasyna girýär."1703" ikinji Sankt-Peterburg sungat ýarmarkasynyň açylyş dabarasy 13-nji
iýunda "Manež" sergi zalynda geçirildi. Taslama “Gazprom” Paýdarlar jemgyýetiniň
başlangyjy bilen Sankt-Peterburgyň Medeniýet komitetiniň goldamagynda guralyp,
çäre Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň medeniýet festiwalynyň
meýilnamasyna girýär.
Çeşme: 1703af.ru

"1703" ikinji Sankt-Peterburg sungat ýarmarkasynyň açylyş dabarasy 13-nji iýunda "Manež" sergi zalynda geçirildi. Taslama “Gazprom” Paýdarlar jemgyýetiniň başlangyjy bilen Sankt-Peterburgyň Medeniýet komitetiniň goldamagynda guralyp, çäre Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň medeniýet festiwalynyň meýilnamasyna girýär.

1-1.png

Bir ýyl mundan ozal ýola goýlan bu ýarmarka eýýäm möhüm waka öwrüldi we şu ýyl oňa Türkiýe hem öňdebaryjy nakgaşlarynyň eserleri bilen gatnaşdy. Umuman alanyňda, taslama Stambuldan, Moskwadan, Sankt-Peterburgdan, Nižniý Nowgoroddan we Kalugadan 36 galereýa gatnaşýar, olar öz stendlerinde žiwopis, heýkeltaraşlyk, grafika, fotosurat, gurnama we sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen döredilen eserleri hödürleýärler. Fotosurat eserleri sergide giň orun alandyr.

2.jpg

Jemgyýetçilik medeni we bilim maksatnamasynyň çäginde ýarmarka gelýänlere art-meditasiýlar, şeýle hem sungat pudagyndaky öňdebaryjy bilermenleriň gatnaşmagynda leksiýalar we çekişmeler garaşýar. Esasy mowzuklaryň arasynda galereýa işi, sungatda täze tehnologiýalar, kolleksiýa dizaýny, ýaş sungat we döredijilik pudagyndaky bilim bar.

3-1.jpeg

Guramaçylyk toparynyň berýän metbugat beýanatyna görä, ýarmarkanyň iň möhüm wezipeleri häzirki zaman sungatyny goldamak we wagyz etmek, ýygnamak tejribesini ösdürmek we hünär jemgyýetiniň dürli wekillerini birleşdirmekdir.

4-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026