HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi

Iýun 10, 2023 | 00:23 |9773
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň premýer-
ministri Wiktor Orban bilen giňeldilen formatda geçirilen gepleşiklerde söwda we
ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi diýip
atlandyrdy we özara söwdany ýokarlandyrmak üçin pudagara derejesinde maksatly
teklipleri işläp düzmegi teklip etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň premýer-
ministri Wiktor Orban bilen giňeldilen formatda geçirilen gepleşiklerde söwda we
ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi diýip
atlandyrdy we özara söwdany ýokarlandyrmak üçin pudagara derejesinde maksatly
teklipleri işläp düzmegi teklip etdi.
Çeşme: Wengriýanyň premýer-ministriniň metbugat gullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň premýer- ministri Wiktor Orban bilen giňeldilen formatda geçirilen gepleşiklerde söwda we ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi diýip atlandyrdy we özara söwdany ýokarlandyrmak üçin pudagara derejesinde maksatly teklipleri işläp düzmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Baştutany energetika, ulag, derman senagaty, dokma senagaty, agrosenagat toplumy we suw dolandyryşy, maýa goýum işleri ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryna ünsi jemledi we işewür toparlaryň iki ýurduň arasyndaky söwdany giňeltmekde mümkinçiligini görkezdi. Serdar Berdimuhamedow täjirçilik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy üçin özara söwda öýleri bilen wekilhanalaryň, telekeçilik pudagyndaky maglumat we maslahat edaralarynyň açylmagyny goldady.

Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýandygyny nazara alsaň, ýangyç we energetika toplumy, şol sanda gazdan wodorod öndürmek ýaly möhüm ugurda-da hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry diýip, Prezidentimiz belläp, ýurdumyzyň Wengriýanyň degişli tekliplerine seretmäge taýýardygyny nygtady.

1.jpg

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda döwlet Baştutanymyz ulag pudagyny, esasanam Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) geçelgesiniň ösüşi we bilelikdäki önümçilik kärhanalaryny döretmek arkaly senagat hyzmatdaşlygy meselelerine ünsi çekdi. Berdimuhamedow degişli guramalara maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin belli taslamalaryň we iş meýilnamalarynyň sanawyny taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi.

Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy barada durup geçen Prezidentimiz, 2022- nji ýylda 190 ýaşy bellenen we «Merkezi Aziýa boýunça syýahat» atly meşhur kitabynda beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň ornuny belli eden Wengriýaly gündogarşynas Armini Wamberini ýada saldy. Geljek, 2024-nji ýylda, türkmen edebiýatynyň klassiginiň dogulmagynyň 300 ýyllygy giňden belleniler we Serdar Berdimuhamedow wenger dostlaryny ýubileý dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem, taraplar Türkmenistanyň we Wengriýanyň Medeniýet günlerini we bu ugurda beýleki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar, bilim pudagynda hyzmatdaşlyk üçin teklipler aýtdylar diýip, Serdar Berdimuhamedow metbugat wekilleri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026