HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nikolaý Rerihiň Merkezi Aziýa ekspedisiýasynda çeken kartinasy auksiona bir rubla çykaryldy

Iýun 13, 2023 | 23:23 |8904
Nikolaý Rerihiň "Takla-Makan" suraty bir rubl başlangyç bahasy bilen
auksiona çykaryldy. 13-nji iýunda – iň ýokary teklip üç million rubl – diýip,
“Litfond” auksion öýüniň saýtynda habar berilýär.Nikolaý Rerihiň "Takla-Makan" suraty bir rubl başlangyç bahasy bilen
auksiona çykaryldy. 13-nji iýunda – iň ýokary teklip üç million rubl – diýip,
“Litfond” auksion öýüniň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: “Litfond” auksion öýi

Nikolaý Rerihiň "Takla-Makan" suraty bir rubl başlangyç bahasy bilen auksiona çykaryldy. 13-nji iýunda – iň ýokary teklip üç million rubl – diýip, “Litfond” auksion öýüniň saýtynda habar berilýär.

Suratkeş bu eseri Merkezi Aziýa ekspedisiýasynda (1923-1928) döredipdi. Topar ýoluň Takla Makan çölüniň serhet ugry boýunça Sanju geçelgesinden Hotan şäherine çenli bir bölegini 1925-nji ýylyň ahyrynda - 1926-njy ýylyň başynda geçipdi. Şonda ol Aziýanyň özboluşly owadan çölüni we tebigatyny açyp görkezýän suratlar toplumyny döretdi.

Nikolaý Rerih sahna dizaýneri, filosof, mistik, arheolog we syýahatçy hökmünde hem meşhurdyr. Ol ýedi müň töweregi nakgaş eserleriniň awtory. Imperator jemgyýetiniň sungaty höweslendirmek mekdebiniň müdiri, "Sungat dünýäsi" çeperçilik birleşiginiň ýolbaşçysy bolupdy. Merkezi Aziýadan başga-da, ol Mançžur ekspedisiýasyna hem gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026