HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Germaniýada geçiriljek seminaryna gatnaşar

Iýun 13, 2023 | 22:20 |11484
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sanjym howpsuzlygyna gözegçilik
etmekde hiliň barlagyny üpjn etmek we maglumatlary dolandyrmak boýunça okuw
seminary 27-30-njy iýunda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriler. Duşuşyk
Frankfurtdaky Paul-Erlih instituty bilen bilelikde guraldy.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sanjym howpsuzlygyna gözegçilik
etmekde hiliň barlagyny üpjn etmek we maglumatlary dolandyrmak boýunça okuw
seminary 27-30-njy iýunda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriler. Duşuşyk
Frankfurtdaky Paul-Erlih instituty bilen bilelikde guraldy.
Çeşme: GxP News

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sanjym howpsuzlygyna gözegçilik etmekde hiliň barlagyny üpjn etmek we maglumatlary dolandyrmak boýunça okuw seminary 27-30-njy iýunda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriler. Duşuşyk Frankfurtdaky Paul-Erlih instituty bilen bilelikde guraldy.

Bu çärä 20 töweregi ýurtdan - Azerbaýjandan, Albaniýadan, Ermenistandan, Belarusdan, Bosniýa we Gersegowinadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowa Respublikasyndan, Çernogoriýadan, Serbiýadan, Täjigistandan, Demirgazyk Makedoniýadan, Türkmenistandan, Ukrainadan we Özbegistandan bilermenler gatnaşar.

Seminaryň maksady BSGG-niň görkezmelerini, waksina howpsuzlygyna gözegçilik ulgamlarynyň netijeliligini seljermek üçin öňdebaryjy tejribesini we gurallaryny paýlaşyp, orta girdejili ýurtlarda sanjymlaryň sebitleýin we milli mümkinçiligini berkitmekden ybarat.

Şeýle hem, bilermenler waksina howpsuzlygy duýdurmalaryny dolandyrmak üçin immunizasiýadan soň (AEFI) ýaramaz hadysalar baradaky maglumatlaryň netijeli ulanylyşyny gözden geçirerler.

Duşuşyga gatnaşýanlar sanjymlaryň howpsuzlygyna gözegçilik etmekde, halkara maglumat ülňüleri we AEFI elýeterli ammarlary pudagynda hil üpjünçiligi boýunça bilim alarlar. Hünärmenler, şeýle hem, duýdurmalaryň tapylmagyny goldamak üçin maglumatlara nädip girmelidigini, olaryň derňewini we düşündirişini hem-de barlaglara esaslanýan sanjymlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi öwrenerler.

Bu seminar AEFI gözegçiligi boýunça ýurduň içinde, döwletleriň we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga we has jebis aragatnaşyk gurmaga ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026