Rumyniýanyň folklor topary ilkinji gezek Awazada we Aşgabatda konsert berer


Rumyniýa döwletiniň “Transilwaniýa” folklor topary Türkmenistanda ilkinji gezek çykyş ederler. Folklor topary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we paýtagtymyz Aşgabatda konsertleri berer. Bu barada Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy “ORIENT-e” habar berdi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda rumyn folklor topary bu ýerde 13 – 16-njy iýul aralygynda geçirilýän “Awaza – 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň çäginde çykyş eder.
18-nji iýunda bolsa, “Transilwaniýa” döredijilik topary paýtagtymyzda ýerleşýän “Watan” kinokonsert merkezinde çykyşlary bolar. Şol gün 18:00-da başlanjak konserte tölegsiz islendik adam gatnaşyp, rumyn halkynyň medeniýeti bilen ýakyndan tanşyp biler.
Transilwaniýa – Rumyniýanyň özboluşly medeniýetli, däp-dessurly sebitleriniň biridir. Dostlukly döwletiň bu sebitinden gelen döredijilik toparynyň ýurdumyzdaky çykyşlary iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň ýardamy bilen Rumyniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy guraýar.
Ilkibaşda “Maramureş” diýlip atlandyrylan folklor topary 1959-njy ýylda döredilýär. Ýurtda we daşary döwletlerde uly meşhurlyk gazanyp başlan döredijilik toparynyň ady 1991-nji ýylda “Transilwaniýa” adyna üýtgedilýär. Sahnada 25 sany horeografik maksatnamasy bolan topar geçen döwürde birnäçe milli we halkara baýraklara eýe boldy. Döredijilik topary milli lybaslarda we saz ritmlerinde rumyn tanslaryny ýerine ýetirip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Folklor topary dünýäniň onlarça ýurdunda – Bolgariýa, Şwesiýa, Norwegiýa, Wengriýa, Germaniýa, Polşa, Ispaniýa, Alžir, Marokko, Müsür, Meksika, Kolumbiýa, Peru, Kosta-Rika, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Mongoliýa, ABŞ, Kanada ýaly döwletlerde döredijilik saparlarynda bolup, konsertleri berdiler.
ORIENT news








