Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş boýunça hepdeligine gatnaşar


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew indiki hepde, 19-20-nji iýunda geçiriljek Terrorçylyga garşy göreş boýunça ýokary derejeli hepdeligiň çärelerine gatnaşmak üçin BMG-nyň Nýu-Yorkdaky merkezi edaralaryna barar. Bu barada öz web sahypasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.
BMG-ä agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy göreş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 19- 20-nji iýunda geçiriljek 3-nji maslahaty "Köptaraplaýyn we institusional hyzmatdaşlyk arkaly terrorçylyga garşy göreş" mowzugyna bagyşlanar.
Maslahat BMG-ä agza ýurtlara, onuň guramalaryna, halkara we sebit guramalaryna, raýat jemgyýeti guramalaryna we hususy pudaga maglumat we tejribe alyşmakda, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş boýunça global strategiýasynyň dört esasy ugrunyň çäklerinde terrorçylyga garşy göreşiň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamakda ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder.
Maslahat Guramanyň Baş sekretary tarapyndan teklip edilen Parahatçylygyň hatyrasyna täze gün tertibini taýýarlamak üçin möhüm tapgyr bolar.
Türkmenistanyň DIM-niň wise-ministriniň ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy ýurdumyzyň terrorçylyga garşy göreş we sebitleýin we global howpsuzlygy üpjün etmek ýörelgelerine berk ygrarlydygyny görkezýär.
Saparyň dowamynda Hajiýew maslahatyň umumy mejlisine, şeýle-de Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreş tejribesini paýlaşmak we beýleki milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen pikir alyşmak üçin başga-da birnäçe çärä gatnaşar. Mundan başga-da, Hajiýew BMG-niň resmi wekilleri we halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny öwrenmek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
ORIENT news








