Aşgabatda Russiýanyň günine bagyşlanan baýramçylyk kabul edişlik: dabaraly çykyşlarda näme barada gürrüň edildi


«Doganlyk Türkmenistan, hemişe Russiýanyň hakyky we wepaly dosty bolup galýar. Ýurtlarymyzyň Prezidentleri Wladimir Wladimirowiç Putin bilen Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň arasyndaky ynamly we mähirli gatnaşyklar çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň rus-türkmen gatnaşyklary üçin berk binýat bolup hyzmat edýär», - diýip Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin Russiýa güni mynasybetli Aşgabatdaky baýramçylyk kabul edilşikde aýtdy.
Diplomat halklarymyzyň ýakyn gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi we 2022-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurduň onuň ajaýyp üstünlükleriniň beýik ykraryny alamatlandyrýan, Russiýanyň «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanandygyny ýatlap, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky hakyky hyzmatdaşlygyň atmosferasyny güýçlendirmekde bahasyna ýetip bolmajak goşandyny aýratyn nygtady.
«Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar döwlet derejesinde-de, işewür toparlarymyzyň arasynda-da ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşýar hem-de medeni we ynsanperwer gün tertibi elmydama täze we ähmiýetli taslamalar bilen doldurylýar», - diýip ilçi belledi we rus diline ünsli garaýandygy we gyzyklanýandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçysyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Iwan Wolynkin, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ylalaşyk gazanmaga we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirlen Bitarap statusyna ýokary baha berýändigini belläp, Magtymgulynyň sözlerini edebi görkeziş hökmünde mysal getirdi: «Gaharlyňam, rehimsiziňen hiç bir söz gerek däl, meniň halkym gahary makullamaz ...».
Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow kabul edişlikde çykyş edip, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýygnananlary we ähli rus halkyny gutlap, geçen ýyl Türkmenistan bilen Russiýanyň liderleriniň geçen ýyl alty gezek duşuşandygyny belledi. Öňräkki ýokary derejede geçirilen duşuşyk şu ýylyň 9-njy maýynda, Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow Beýik Ýeňişiň 78 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa geleninde boldy.

Ol, ähli ugurlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösmegi üçin hökümet we pudagara derejesinde 300-den gowrak resminamadan ybarat güýçli ylalaşyk-hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy. Bir ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna eden saparynda gol çekilen strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Ähtnamanyň aýratyn ähmiýeti bar.
Wise-premýer iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäginde ýurtlaryň birek-biregiň başlangyçlaryna özara goldaw berýän, şeýle hem parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň ösýän konstruktiw özara täsirini belläp geçdi. Ol, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýa eden saparyny we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistana eden saparyny mysal hökmünde görkezdi. Şeýle hem, Russiýanyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň ýylyň başynda Aşgabat şäherine eden saparyny we çäginde geçirilen türkmen-rus işewür forumyny belläp, rus kompaniýalarynyň energetika, gurluşyk we senagat ýaly ugurlarda türkmen bazarynda üstünlikli işleýändigini goşdy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda göni aragatnaşygy gurmak uly meýilnama bolup çykyş edýär.
«Medeni we ynsanperwerlik pudagyndaky hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplaýarys», - diýip Nurmuhamet Amanepesow bu ugurda bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesini belledi we Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça bilelikdäki işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
ORIENT news








