HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Rigada türkmen-latwiýa duşuşygynda ulag we üstaşyr boýunça bilelikdäki meýilnamalar beýan edildi

Iýun 12, 2023 | 18:33 |6756
Duşenbe güni Riga şäherinde Ulag boýunça türkmen-latwiýa Iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.Duşenbe güni Riga şäherinde Ulag boýunça türkmen-latwiýa Iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Duşenbe güni Riga şäherinde Ulag boýunça türkmen-latwiýa Iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.

Duşuşyk türkmen wekiliýetine Iş toparynyň türkmen böleginiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidowyň we Latwiýanyň wekiliýetine Iş toparynyň latwiýa böleginiň ýolbaşçysy, Latwiýa Respublikasynyň Gatnawlar ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Uldis Reýmanis başlyklyk etmeginde geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Latwiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygyň çäklerinde alnyp barylýan işlere we 13-nji iýunynda sişenbe güni Riga şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen halkara awtomobil gatnawlary meseleleri boýunça bililikdäki toparynyň mejlisiniň gün tertibine seredildi.

Taraplar Latiwiýada we Türkmenistanda ulag logistikasy ulgamyndaky ýagdaý barada maglumat alyşdylar hem-de Türkmenistan bilen Latiwiýanyň arasynda harytlary ibermegiň logistika halkalaryny ösdürmek meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

imgpsh_fullsize_anim (39).jpg

Türkmenistanyň import, eksport we üstaşyr ýüklerini geçirmek üçin multimodal geçelgeleri utgaşykly toplumy hökmünde Latwiýanyň portlaryny (Riga, Wentspils we Liýepaý), demir ýollary, awtomobil ýollary hem-de «Riga» halkara howa menzilini peýdalanmagyň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri barada maglumat berdiler. Türkmenistanyň telekeçileri üçin Ýewropa Bileleşiginiň, Baltiýa we Skandinawiýa ýurtlarynyň bazarlarynda türkmen harytlaryny öndürmek, saklamak, gaýtadan işlemek hem-de ibermek üçin Latwiýanyň portlarynyň hem-de Ýörite ykdysady zolaklaryň çäklerinde önümçilik we ulag – logistika kärhanalary, terminallary, ammarlary döretmek mümkinçiliginiň bardygy aýratyn nygtady. Latiwiýa tarapy «Baltika – Tranzit» konteýner otlusynyň döredýän netijeli demir ýol ýük gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini belledi.

Türkmen wekiliýeti latiwiýaly kärdeşlerine Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň çäkleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de soňra beýleki ýurtlaryň ugry boýunça multimodal ýük gatnatmalary üçin demirýol howlularyny ulanmagyň artykmaçlyklary barada habar berdiler.

Latwiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenlbaşynyň halkara deňiz portuna gelip görmäge, bu portuň kuwwatlyklaryny we hödürleýän hyzmatlaryny peýdalanmagy ara alyp maslahatlaşmaga çägyryldy.

Taraplar Türkmenistanyň çig mal we önümçilik harytlarynyň Ýewropa ugry boýunça eksportuny hem-de Latwiýanyň portlaryny, demir ýol, awtomobil we awiasiýa düzümlerini ulanmak bilen yzyna eksporty ösdürmek barada ylalaşdylar.

imgpsh_fullsize_anim (40).jpg

Taraplar dürli üstaşyr geçelgeleri ulanmak arkaly, TRASEKA geçelgeleriniň binýadynda täze alternatiw logistika ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistan bilen Latwiýanyň, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň arasynda konteýner we utgaşykly intermodal ýük gatnatmalary ösdürmek barada ylalaşdylar.

Taraplar Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwdany üpjün etmekde ulag we logistika aýratyn ornuna ünsi çekip, Türkmenistan, Latwiýa, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan milli ulag bölümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada Bilelikdäki Beýanatyň kabul edilmegine ýokary baha berdiler.

Taraplar Aziýadan Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlaryna, şeýle hem yzlygyna elektron täjirçilik ýüklerini ibermek üçin Ýewraziýada täze logistika halklaryny döretmek bilen Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda howa ulaglary bilen ýük gatnatmalaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamak barada ylalaşdylar.

Bu nukdaýnazardan, Skandinawiýa we Baltiýa ýurtlaryndan import ýükleriň akymyny ösdürmek, Türkmenistandan Baltiýa ýurtlaryna çalt zaýalanýan oba-hojalyk önümleriniň akymyny ösdürmek üçin üstaşyr ýükler üçin ýaramly Riganyň howa menziliniň ýük düzümlerini hem-de Türkmenistanyň ähli howa menzillerini peýdalanmak mümkiçiliklerine garaldy. «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýük uçarlaryny peýdalanmak bilen Latwiýa Poçtasy («Latwijas Pasts» döwlet paýtadarlar jemgyýeti) bilen «Cainio Global» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026