HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şweýsariýada demir ýoluň içinde gün panellerini oturtmagy meýilleşdirýärler

Iýun 12, 2023 | 15:42 |6336
Sun-Ways şweýsar startapy demir ýollarda gün panellerini oturtmak boýunça taslamany ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. 60 panel Býutt demir ýol menziliniň çäginde 46,2 metr ýer böleginde relsleriň arasynda ýerleşdiriler.Sun-Ways şweýsar startapy demir ýollarda gün panellerini oturtmak boýunça taslamany ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. 60 panel Býutt demir ýol menziliniň çäginde 46,2 metr ýer böleginde relsleriň arasynda ýerleşdiriler.
Çeşme: techcult.ru

Sun-Ways şweýsar startapy demir ýollarda gün panellerini oturtmak boýunça taslamany ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. 60 panel Býutt demir ýol menziliniň çäginde 46,2 metr ýer böleginde relsleriň arasynda ýerleşdiriler.

Oturtmak prosessi iki wagondan ybarat bolan ýörite otly sebäpli doly awtomatlaşdyrylan bolar. Olaryň birinde paneller durar, beýlekisi bolsa olary ýerine goýar. Gerek bolan halatynda şu otlynyň panelleri aýryp bilýändigini belläp geçmelidiris.

Birinji tapgyrda işlenip öndürilýän ähli elektrik energiýasy öý hojalyklary tarapyndan sarp ediler, soňra bolsa onuň bir bölegi elektrik otlylaryna gönükdiriler.

Sun-Ways kompaniýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy Batista Denihertiň bellemegine görä, taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilen halatynda 750 müň öý hojalyklarynyň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmak mümkinçiligi bolar. Sebäbi tutuş 5000 kilometrlik tor paneller bilen örtülenden soňra her ýylda 1 gigawatta çenli elektrik energiýasy öndüriler.

Bahasy $560 müň dollara deň bolan taslamany tomsuň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Taslamany ýerine ýetirmek işinde Sun-Ways kompaniýasynyň inženerlerine tehniki meseleleriň birnäçesini çözmek gerek bolar. Bu geçip barýan otlylar tarapyndan panelleriň hapalanmagy we panellerden torlara birikdirýän nokatlara çenli uzak aralykdyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026