HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji iýuly gum we tozan tupanlaryna garşy göreşmegiň Halkara güni diýip yglan etdi

Iýun 11, 2023 | 23:01 |9495
BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji iýuly Çäge we tozan tupanlaryna garşy
göreşmegiň halkara güni diýip yglan etdi we bu hadysalara garşy göreşmek we olaryň
täsirini gowşatmak üçin global we sebitleýin hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belledi.BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji iýuly Çäge we tozan tupanlaryna garşy
göreşmegiň halkara güni diýip yglan etdi we bu hadysalara garşy göreşmek we olaryň
täsirini gowşatmak üçin global we sebitleýin hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belledi.
Çeşme: public.wmo.int

BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji iýuly Çäge we tozan tupanlaryna garşy göreşmegiň halkara güni diýip yglan etdi we bu hadysalara garşy göreşmek we olaryň täsirini gowşatmak üçin global we sebitleýin hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belledi.

Assambleýa degişli kararda BMG-a agza ähli ýurtlary we beýleki gyzyklanýan taraplary bu Halkara güni milli ileri tutulýan ugurlara esaslanmak bilen, adamzadyň saglygy we abadançylygy üçin şeýle tupanlara garşy göreşmegiň möhümdigi barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga; toprakdan durnukly peýdalanmak we dolandyrmak işine ýardam bermäge; azyk howpsuzlygyny we howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilim we jemgyýetçilik çäreleri arkaly bellemäge çagyrdy.

Mundan başga-da, Assambleýa rezolýusiýanyň durmuşa geçirilmeçinden gelip çykyp biljek ähli işleriň çykdajylarynyň meýletin goşantlar, şol sanda hususy pudagyň goşantlary bilen tölenmelidigini aýtdy.

Çäge we tozan tupanlary çölüň üstünden gaty yssy howa atmosferanyň aşaky gatlaklarynda durnuksyzlyga sebäp bolanda ýüze çykýar, netijede köp mukdarda boş çäge göterip, ony ýüzlerçe, käte müňlerçe kilometre göçürýän güýçli ýeller emele gelýär. Ýeriň zaýalanmagy, çölleşmegi we howanyň üýtgemegi meseläni hasam kynlaşdyrýar. Bu tebigy hadysa zerarly, Demirgazyk Afrika, Arap ýarym adasy, Merkezi Aziýa we Hytaý ýaly gurak we ýarym gurak sebitlere has-da köp zyýan ýetdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, bu hadysanyň ýüze çykmagyna we çylşyrymlaşmagyna, esasan suwuň aşa köp sarp edilmegine we suw desgalarynyň guramagyna getirýän tebigy we adam faktorlary sebäp bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen dizaýneri Dowil şäherindäki halkara moda görkezilişde milli lybaslar toplumyny tanyşdyrdy

Türkmen dizaýneri Dowil şäherindäki halkara moda görkezilişde milli lybaslar toplumyny tanyşdyrdy

21:45 Iýul 09, 2026
Satyn alyş hünärmeniňiz ýene-de 20 goşmaça sahypa açan bolsa, onda oňa ALSAT-daky 30 000 harydy görkeziň

Satyn alyş hünärmeniňiz ýene-de 20 goşmaça sahypa açan bolsa, onda oňa ALSAT-daky 30 000 harydy görkeziň

20:48 Iýul 09, 2026
Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ÝUNISEF-iň ikinji Tomusky mekdebi açyldy

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ÝUNISEF-iň ikinji Tomusky mekdebi açyldy

20:28 Iýul 09, 2026