HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kolumbiýanyň jeňňelinde uçar heläkçiliginden 40 gün soň dört çaga diri tapyldy

Iýun 11, 2023 | 03:16 |7054
40 gün ozal bolup geçen uly bolmadyk uçaryň heläkçiligi netijesinde ýitirim bolan
dört çaga anna güni Kolumbiýanyň jeňňelliklerinde diri tapyldy. Bu barada şenbe güni,
10-njy iýunda Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro öz twitterinde şeýle habar berdi.40 gün ozal bolup geçen uly bolmadyk uçaryň heläkçiligi netijesinde ýitirim bolan
dört çaga anna güni Kolumbiýanyň jeňňelliklerinde diri tapyldy. Bu barada şenbe güni,
10-njy iýunda Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro öz twitterinde şeýle habar berdi.
Çeşme: abc.net.au

40 gün ozal bolup geçen uly bolmadyk uçaryň heläkçiligi netijesinde ýitirim bolan dört çaga anna güni Kolumbiýanyň jeňňelliklerinde diri tapyldy. Bu barada şenbe güni, 10-njy iýunda Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro öz twitterinde şeýle habar berdi.

“Tutuş ýurdumyz üçin şatlyk! 40 gün ozal Kolumbiýanyň jeňňelinde ýitirim bolan dört çaga diri bolup çykdy” - diýip, döwlet baştutany çagalaryň jeňňellikde diri galmak üçin başardyklaryça jan edendiklerini habar berýär.

“ Reuters” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ararakuara şäherinden San- Hose del Guawýare uçan Cessna 206 kysymly uçar 1-nji maýda jeňňelde heläkçilige uçrady. Netijede, uçarda bar bolan ulularyň üçüsi-de, şol sanda pilot we çagalaryň ejesi heläk boldy.

Doganlar - bir oglan we üç gyz harbylar tarapyndan uçaryň heläkçilige uçran ýerinden uzak bolmadyk ýerde tapyldy. Çagalaryň körpesi heläkçilik bolan pursatda heniz bir hem ýaşamandy, beýleki çagalar 4, 9 we 13 ýaşynda.

Petro çagalaryň bile bolandygyny, olaryň häzirki wagtda juda "gowşakdygyny" we lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylýandygyny aýtdy.

Kolumbiýanyň Goranmak ministri Iwan Welaskes Gomes çagalaryň Bogotanyň Merkezi harby keselhanasynda saglyklaryny dikeldýändigini we olaryň ýagdaýlarynyň durnuklydygyny habar berdi.

Ol: “doganlaryň ulusy bolan gyzjagazyň "ýolbaşçylyk ukyby we edermenligi", şeýle-de "jeňňele beletligi" doganlaryň diri galmagyna kömek etdi” - diýdi.

Halas ediş işlerine Kolumbiýanyň goşunynyň we Harby howa güýçleriniň uçarlary we dikuçarlary gatnaşdyryldy. Halas edijiler gözleg itleriniň kömegi bilen ozal çagalaryň iýen miweleriniň galyndylaryny, şeýle hem bukulmak üçin emelleşdiren ýerlerini tapypdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026