HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň Ýewraziýa ykdysady birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ulag babatynda strategiki gönükdirilenlige eýe bolýar

Iýun 09, 2023 | 18:24 |5248
Türkmenistanyň Ýewraziýa ykdysady birleşigi bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy ulag-logistika ulgamynyň döremeginde strategiki gönükdirilenlige eýe bolýar.Türkmenistanyň Ýewraziýa ykdysady birleşigi bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy ulag-logistika ulgamynyň döremeginde strategiki gönükdirilenlige eýe bolýar.
Çeşme: tazabek.kg

Türkmenistanyň Ýewraziýa ykdysady birleşigi bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy ulag-logistika ulgamynyň döremeginde strategiki gönükdirilenlige eýe bolýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe, ykdysadyýet we bank guramalary boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Soçide geçen Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň giňeldilen mejlisinde nygtady – diýip, TASS habar berýär.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň baştutany Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz» we «Merkezi Aziýa — Pars aýlagy» ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilendigini, munuň bolsa gyzyklanýan döwletleriň arasynda ýük akymlaryny işjeňleşdirmäge kömek etjekdigini aýtdy. Hususan-da, gürrüň MA, Hytaý we Ýewropa sebiti barada gidýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlary bilen görkezijileri hem aýdyldy:

«2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,7% artdy. Şu ýylyň 4 aýynyň dowamynda bolsa haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,2% artdy», — diýip, Geldimyradow belledi.

Şeýle hem, onuň sözlerine görä, Türkmenistan Ýewraziýa ykdysady birleşigine möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garaýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026