Türkmenistanda DÖM boýunça hasabatlylygyň milli platformasy döredildi


Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça statistiki hasabatlylygyň milli platformasy döredildi. Onlaýn-platforma DÖM-na ýetmek boýunça häzirki ýagdaý barada möhüm maglumatlary ýygnamagyň we umumylaşdyrmagyň, milli hasabatlary taýýarlamagyň ýeke-täk merkezidir.
DÖM boýunça maglumatlar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň saýtynda açykdyr we elýeterlidir.
Milli platformanyň döredilmegi Türkmenistanda DÖM-na ýetmegiň maglumatlaryna monitoring etmek we bahalandyrmak ulgamynyň ösdürilmegine, ulanyjylaryň giň köpçüligine DÖM-nyň wezipeleri we görkezijileri boýunça maglumatlara elýeterliligi bermek arkaly maglumat aç-açanlygyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
Platforma badalga berilmegi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilýän
«Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin platforma, tapgyr 2» taslamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulandyr.
ORIENT habarlar








