Türkmenistanly bilermen Almatyda Merkezi Aziýanyň Ýaşlar liderlik akademiýasynyň okuw meýilnamasyna gatnaşdy


Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekili Mihail Minenkow "CAYLA - Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderlik akademiýasy" sebitara okuw meýilnamasyna gatnaşdy. Bu okuwlar 28-nji maýdan 4-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi we Gazagystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan ekologiýa we tebigaty goramak pudagyndaky bilermenleri ýygnady.
CAYLA ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän we Ýewraziýa gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýanyň sosial innowasiýalary” bäş ýyllyk maksatnamasynyň bir bölegidir. Taslama özara pikir alyşmak, pikirdeş adamlar bilen aragatnaşyk gurmak, bilimleri we amaly endikleri kämilleşdirmek üçin platforma bolup durýar. Oňa 18-30 ýaş aralygyndaky ýaş ýolbaşçylar gatnaşyp bilerler.

Almaty şäherinde hünärmenler taslamalary dolandyrmak, netijeli aragatnaşyk, şeýle hem tankydy pikirlenmek we köpçüligiň öňünde çykyş etmek endikleri boýunça interaktiw okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Serişde ýygnamagyň esaslaryny özleşdirdiler we tejribe alyşmak üçin halkara bilermenler bilen duşuşdylar.
Okuwyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar maksatnama gatnaşandyklary barada şahadatnama aldylar.
Şu güne çenli CAYLA maksatnamasyna Merkezi Aziýanyň dürli künjeklerinden ýaş liderleriň we aktiwistleriň 340-dan gowragy gatnaşdy.
ORIENT news








