HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Naberežnyýe Çelny şäherindäki mugallymçylyk uniwersiteti Aşgabatda rus dilini öwretmek üçin dil merkezini açar

Iýun 07, 2023 | 19:08 |8476
Naberežnye Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan
dolandyrylýan Türkmenistanda rus dilini öwretme we rus dilinde açyk bilim
merkezi şu güýzde türkmen paýtagtynda açylar. Bu ÝOM 2009-njy ýyldan
bäri türkmen bilim ulgamy üçin mugallymlary taýýarlaýan bilim ojagy bolup
durýar, uniwersitetiň 1000-den gowrak uçurymy diplomlaryny tassykladyp,
Türkmenistanyň bilim edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler.Naberežnye Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan
dolandyrylýan Türkmenistanda rus dilini öwretme we rus dilinde açyk bilim
merkezi şu güýzde türkmen paýtagtynda açylar. Bu ÝOM 2009-njy ýyldan
bäri türkmen bilim ulgamy üçin mugallymlary taýýarlaýan bilim ojagy bolup
durýar, uniwersitetiň 1000-den gowrak uçurymy diplomlaryny tassykladyp,
Türkmenistanyň bilim edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler.
Çeşme: Chelny-biz.ru

Naberežnye Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan dolandyrylýan Türkmenistanda rus dilini öwretme we rus dilinde açyk bilim merkezi şu güýzde türkmen paýtagtynda açylar. Bu ÝOM 2009-njy ýyldan bäri türkmen bilim ulgamy üçin mugallymlary taýýarlaýan bilim ojagy bolup durýar, uniwersitetiň 1000-den gowrak uçurymy diplomlaryny tassykladyp, Türkmenistanyň bilim edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler.

Bu barada çarşenbe güni Kazanda geçirilen Halkara bilim maslahatynda uniwersitetiň rektory Alfinur Galiakberowa gürrüň berdi – diýip, "Çelninskiye izwestiýa" gazeti habar berýär.

Dil merkezi Aşgabatdaky Rus öýünde ýerleşer. Döwlet pedagogika uniwersitetiniň mugallymlary Türkmenistana gelip, bu işe gatnaşarlar, şeýle hem Russiýanyň pedagogika uniwersitetiniň 300 uçurymy üçin hünär kämilleşdiriş kurslaryny gurarlar.

Mundan başga-da, uniwersitetiň mugallymlary 2028-nji ýyla çenli her ýyl bilim we ylmy çäreleri geçirmegi, şeýle hem türkmenistanlylar üçin rus dilini öwretme we hünär kämilleşdiriş kurslaryny guramagy meýilleşdirýärler.

Geljekki merkezi Aşgabatda açmak meselesi pedagogika uniwersitetiniň rektory Alfinur Galiakberowa bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň Kazandaky duşuşygynyň esasy mowzuklaryndan biri bolar. Gepleşikler çarşenbe güni Tatarstanyň paýtagtynda başlanan halkara forumyň çäginde geçiriler.

Kazanda geçirilýän maslahat 7-nji iýundan 9-njy iýuna çenli dowam eder we Müsüriň, Senegalyň, Maliniň, Zimbabweniň, Merkezi Afrika Respublikasynyň, Siriýa Arap Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Mýanmanyň, Şri-Lankanyň, Kubanyň, Wenesuelanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň - jemi 20-den gowrak ministriň duşuşjak bilim pudagyndaky iň iri tematiki çäreleriniň biri bolar.

Naberežnye Çelny Döwlet pedagogika uniwersitetiniň Türkmenistan bilen 15 ýyl töweregi wagt bäri hyzmatdaşlyk edýändigini ýatlatmak isleýäris. Häzirki wagtda uniwersitetde 300-e golaý türkmen talyby bakalawr, magistr we aspirantura maksatnamalary boýunça bilim alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026