Aşgabatda «Kalplaryň sazlaşygy» sergisi açyldy


Aşgabatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň — Röwşen Akynyýazowyň, Nursähet Eýeberenowyň, Azat Taganowyň we Owezmuhammet Akmuhammedowyň «Kalplaryň sazlaşygy» atly sergisi açyldy.
Gelip görýänlere dürli äheňlerde ýerine ýetirilen 150 iş hödürlenýär. Suratkeşler öz eserlerinde Beýik Ýüpek ýoluny, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edipdirler, meşhur taryhy şahsyýetlere hormat goýupdyrlar.
Köpçülik abstraksionizm äheňinde—XX asyrda dörän sungat akymynda ýerine ýetirilen surat eserlerine uly üns berdi. Bu akymyň maksady tomaşaçynyň duýgusyny döretmekdir, şeýle hem gurşap alýan dünýäniň sazlaşygyny bermekdir.
ORIENT рфифкдфк








