HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen modelýerleri Tajikistan Fashion Week görkezilişine gatnaşýarlar

Iýun 07, 2023 | 16:34 |7091
Türkmenistandan bolan modelýerler sişenbe güni Duşenbede açylan Tajikistan Fashion Week  Modanyň halkara hepdesiniň 10-njy möwsümine gatnaşýarlar.Türkmenistandan bolan modelýerler sişenbe güni Duşenbede açylan Tajikistan Fashion Week  Modanyň halkara hepdesiniň 10-njy möwsümine gatnaşýarlar.
Çeşme: Instagram.com \ @tfw.official

Türkmenistandan bolan modelýerler sişenbe güni Duşenbede açylan Tajikistan Fashion Week Modanyň halkara hepdesiniň 10-njy möwsümine gatnaşýarlar.

Täze möwsüm halklaryň dostlugy temasyna bagyşlanandyr. Moda hepdesiniň birinji gününde «Dushanbe Serena» otelindäki podiumda Türkmenistandan SG Exclusive modelýer debýut çykyşyny görkezdi.

Tajikistan Fashion Week görkezilişinde üç günüň dowamynda Türkiýeden, Gazagystandan, Russiýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan 30-a golaý dizaýnerler we brendler zenan, erkek we çagalar lybaslarynyň ýygyndysyny görkezerler. Guramaçylar çäräniň sebitiň ýurtlarynyň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam etjekdigine umyt bildirýärler.

Täjigistanda Modanyň halkara hepdeligi ýurduň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň goldaw bermeginde 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär. Türkmen dizaýnerleri ozal hem Tajikistan Fashion Week görkezilişine gatnaşypdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026