HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 06, 2023 | 16:25 |8382
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça milli meýilnamalara ilatyň ykjam hereket etmegini goşmak, şeýle hem bu ugurdaky öňdebaryjy tejribe Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Ýurt edarasynyň we Türkmenistandaky BMGÖM-nyň iki günlük seminarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça milli meýilnamalara ilatyň ykjam hereket etmegini goşmak, şeýle hem bu ugurdaky öňdebaryjy tejribe Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Ýurt edarasynyň we Türkmenistandaky BMGÖM-nyň iki günlük seminarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: unsplash.com

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça milli meýilnamalara ilatyň ykjam hereket etmegini goşmak, şeýle hem bu ugurdaky öňdebaryjy tejribe Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Ýurt edarasynyň we Türkmenistandaky BMGÖM-nyň iki günlük seminarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ugurdaş ugur boýunça türkmen hünärmenleri üçin okuw howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesine bagyşlanan seminarlaryň tapgyrynyň üçünjisidir. Olar BMGÖM-nyň «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli prosessiniň ösdürilmegi» we MHG-nyň «Migrasiýanyň, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemeginiň arasyndaky özara baglanyşygyň howanyň üýtgemegi bilen bagly milli meýilnamalara goşulmagy» taslamasy tarapyndan göz öňünde tutulandyr, ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.

BMGÖM-nyň Moldowadaky edarasynyň hünärmeni maglumatlary ýygnamak, monitoring, howa we uýgunlaşma çäreleri boýunça hasabatlylyk boýunça döwrebap tejribäni paýlaşdy. Bu jähtde şu prosesslere dürli gyzyklanýan taraplary — hususy pudagyň wekillerini, raýat jemgyýetini, ýerli özüňi dolandyryş edaralaryny çekmegiň zerurdygy nygtaldy.

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy milli meýilleşdirmegiň prosessi uzakmöhletleýin işdir, şol sebäpli ony üstünlikli ýerine ýetirmek üçin oňa gatnaşýan düzümleriň we taraplaryň arasynda hereketleriň utgaşdyrylmagy zerur bolup durýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026