HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokaýyň gözi we ylgaýan adam: Malewiç seýilgähinde täze döredilen sungat eserleri

Iýun 03, 2023 | 16:05 |15298
Adaty bolmadyk açyk asmanyň aşagynda häzirki zaman sungat
sergisiniň ikinji bölümi Malewiç seýilgähinde görkezildi. Özboluşly
«muzeý» 2020-nji ýylyň ahyrynda, Moskwadan 25 km uzaklykda,
Razdory obasynda döredildi. Bu ýer rus awangardçysy Kazimir
Malewiçiň ady berildi we seýilgähdäki sungat eserleri suprematizme we
suratkeşiň döredijiligine degişlidir diýip, RIA Nowosti habar berýär.Adaty bolmadyk açyk asmanyň aşagynda häzirki zaman sungat
sergisiniň ikinji bölümi Malewiç seýilgähinde görkezildi. Özboluşly
«muzeý» 2020-nji ýylyň ahyrynda, Moskwadan 25 km uzaklykda,
Razdory obasynda döredildi. Bu ýer rus awangardçysy Kazimir
Malewiçiň ady berildi we seýilgähdäki sungat eserleri suprematizme we
suratkeşiň döredijiligine degişlidir diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme: Malewiç seýilgähinde serginiň taslamasynyň metbugat gullugy tarapyndan berildi

Adaty bolmadyk açyk asmanyň aşagynda häzirki zaman sungat sergisiniň ikinji bölümi Malewiç seýilgähinde görkezildi. Özboluşly «muzeý» 2020-nji ýylyň ahyrynda, Moskwadan 25 km uzaklykda, Razdory obasynda döredildi. Bu ýer rus awangardçysy Kazimir Malewiçiň ady berildi we seýilgähdäki sungat eserleri suprematizme we suratkeşiň döredijiligine degişlidir diýip, RIA Nowosti habar berýär.

1.jpg

Taslama Tretýakow galereýasynyň we Moskwa sebitiniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldawy bilen döredildi. Serginiň birinji bölümi 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda görkezildi. Indi ýene bäş obýekt bilen onuň üsti dolduryldy. Olaryň arasynda Alla Urbanyň «Duşuşygy» bar. Taslamany gurnaýjylaryň metbugat beýanatynda bu eser «tokaýyň ajaýyp gözleri» diýlip atlandyryldy.

2.jpg

Adam bilen çäksiz asmanyň arasyndaky gatnaşyklar mowzugy Leonid Tişkowyň «Kosmos kubasy»" eserinde ýerleşdirildi. Çeper eser suratkeşiň triptihini tamamlaýar – ilkinji iki obýekt «Hususy Gün» we «Hususy Aý» geçen güýzde seýilgähde ýerleşdirildi.

3.jpg

Suratkeş, matematik we binagär Aleksandr Konstantinowyň «Reňkli agaçlar» Malewiçiň seýilgähinde ösüp ulaldy. Onuň işi takyk hasaplamalara esaslanýar. Ussanyň taslamalary dünýäni geometriýanyň kanunlaryna laýyklykda tertipleýär. Seýilgähde Roman Ýermakowyň «Durnukly kompozisiýasy» hem peýda boldy.

4.jpg

«Gar-ak monumental skulptura «Bäşinji ölçegiň tans oky» awtorlyk seriýasyna girýär. Ol beýleki köp reňkli we çylşyrymly deňagramly zatlaryň arasynda her täze «tansyň» görnüşleri we ýagdaýlary üçin başlangyç nokat hökmünde çykyş edýär»,-diýp metbugat gullugynda düşündirdiler.

5.jpg

Girişde seýilgähiň myhmanlaryny başga bir sungat obýekti – Igor Şelkowskiniň «Ylgaýan adam» eseri garşylaýar. Onuň ägirtligi, suratkeşiň 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri döredýän eserleriniň bir bölegidir. Ondan öň bu ýoly Şelkowskiniň başga bir heýkeli - «Oturan adam» açdy. Häzir ol lipa alleýasyna «göçdi».

6.jpg

«Malewiç seýilgähindäki serginiň ikinji bölümi myhmanlara diňe bir rus awangardynyň sungatyndan pikir döreden sungat işgärleriniň täze atlaryny açmaz. Eýsem ol Moskwanyň we Moskwa sebitiniň myhmanlary we ýaşaýjylary üçin medeni we intellektual dynç alyş meýdançasyna öwrüler diýip umyt edýäris»,-diýip Tretýakow galereýasynyň ylmy işler boýunça baş müdiriniň orunbasary Tatýana Karpowa aýtdy.

7.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026