HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen parlamenti täze kanunlary kabul etdi – sanawy

Iýun 05, 2023 | 12:24 |15371
Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlaryň kabul edilmegi üçin ses berdi, hususanda, gürrüň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda türkmen-azerbaýjan-türk ylalaşygyny tassyklamak hakynda barýar- diýip, türkmen mejlisiniň maslahatynyň jemleri boýunça TDH habar berýär.Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlaryň kabul edilmegi üçin ses berdi, hususanda, gürrüň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda türkmen-azerbaýjan-türk ylalaşygyny tassyklamak hakynda barýar- diýip, türkmen mejlisiniň maslahatynyň jemleri boýunça TDH habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlaryň kabul edilmegi üçin ses berdi, hususanda, gürrüň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda türkmen-azerbaýjan-türk ylalaşygyny tassyklamak hakynda barýar- diýip, türkmen mejlisiniň maslahatynyň jemleri boýunça TDH habar berýär.

Ylalaşyk söwda we ykdysadyýet babatynda üç dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlaryň açylmagyna ýardam eder. Kanunçylyk taslamasyna geçen ýylyň dekabrynda döwlet baştutanlarynyň Türkmenbaşydaky üç taraplaýyn sammitiniň jemleri boýunça başlangyç berlipdi.

Şeýle hem deputatlar biragyzdan «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goraglylygy hakynda» kanuny tassykladylar, ol ýurtda integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döretmek, olary hukuk taýdan goramak we ulanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegine ýardam eder.

Şeýle hem deputatlar şu aşakdaky kanunlary ara alyp maslahatlaşmaga çykardylar we kabul etdiler:

— «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
— «Notariat we notarius işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda;
— «Türkmenistanda Adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
— «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalary girizmek hakynda;
— «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda;
— «Paýdarlar jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
— «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda»;
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda»;
— «Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda»;
— «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň kanunyna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026