Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasy gowşuryldy

Iýun 01, 2023 | 10:38 |12690
1-nji iýunda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar.1-nji iýunda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

1-nji iýunda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar.

Şahadatnama ÝHHG-nyň «Hazar sebitinde ýaşyl portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler.

Taslama bar bolan mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, Hazar sebitiniň döwletleri bilen ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ÝHHG we käbir ýewropa ýurtlary tarapyndan goldanylýar.

Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň EcoPort şahadatnamasyna eýe bolmagy oňa Ýewropanyň ulag ulgamyna integrirlenen ýaşyl port derejesini berer. Bu bolsa, öz gezeginde, türkmen porty üçin täze mümkinçilikleri açar, şeýle hem Türkmenistanyň çägi arkaly ýük daşamalarynyň netijeliligini we tizligini ýokarlandyrar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026