HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen Medeniýet institutynyň talyplary Daşkentde türk dünýäsiniň talyp teatrlary festiwalyna gatnaşdy

Maý 31, 2023 | 22:47 |8246
Türk dünýäsiniň halkara talyp teatrlary festiwaly ilkinji gezek Daşkentde
geçirildi. Özbek meýdançasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň
döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyp teatrlary öz sahnalaryny
görkezdiler. Taslama Türki Medeniýetiň Halkara Guramasy TÜRKSOÝ
we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk
ministrliginiň kömegi bilen gurnaldy diýip, Kabar agentligi habar
berýär.Türk dünýäsiniň halkara talyp teatrlary festiwaly ilkinji gezek Daşkentde
geçirildi. Özbek meýdançasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň
döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyp teatrlary öz sahnalaryny
görkezdiler. Taslama Türki Medeniýetiň Halkara Guramasy TÜRKSOÝ
we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk
ministrliginiň kömegi bilen gurnaldy diýip, Kabar agentligi habar
berýär.
Çeşme: "Kabar"

Türk dünýäsiniň halkara talyp teatrlary festiwaly ilkinji gezek Daşkentde geçirildi. Özbek meýdançasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyp teatrlary öz sahnalaryny görkezdiler. Taslama Türki Medeniýetiň Halkara Guramasy TÜRKSOÝ we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň kömegi bilen gurnaldy diýip, Kabar agentligi habar berýär.

imgpsh_fullsize_anim (20).jpg

Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň talyplary festiwal maksatnamasynda ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiň «Şöhleli hatyn» eseri esasynda «Oguz rowaýaty» sahnasy bilen çykyş etdi. Spektakl, teatr sungaty fakultetiniň talyby, režisýorlyk esaslaryny öwrenýän Taňryberdi Ataýewiň diplom işi.

Türkmen Medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby Ibragim Durdyýew «Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi» nominasiýasynda baýrak aldy. Esasy «Iň gowy sahna» nominasiýasynda bolsa, Gazagystanyň Temirbek Žurgenow adyndaky Çeperçilik akademiýasynyň «Psihoz» oýny ýeňiji boldy.

imgpsh_fullsize_anim (21).jpg

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Soltan Raýewiň pikiriçe, talyplar festiwaly diňe bir teatr platformasy bolman, eýsem teatryň geljegini birleşdirýän, özara täsirleşmek, döredijilikli aragatnaşyk, ýaş döredijilik güýçleriniň özara garaýyşlary we pikirleri üçin ajaýyp platforma döredýän bilim işiň täze görnüşidir. Zehinli ýaşlara goldaw bermek we döredijilik mümkinçilikleriniň dikeldilmegi çäräniň esasy wezipesidir. TÜRKSOÝ-nyň täze taslamalary seslenme tapyp başlady - festiwalda iň gowy oýunlar, iň gowy keşpler kesgitlenildi, festiwalyň esasy ýeňşi dostluk we döredijilik gözlegi boldy diýip, Raýew nygtady.

Ýaş aktýorlar ara alyp maslahatlaşmalara, çekişmelere, ussatlyk sapaklaryna, döredijilik barlaghanalaryna we täze kitaplaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşdylar. Festiwalyň çäginde döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bilim işini we özara alyş-çalyş maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026