HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Prezidentiniň maşgalasy bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Maý 31, 2023 | 11:40 |11037
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranda «Saadabad» köşkler toplumyndaky taryhy-medeni binalara baryp gördi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirmek üçin goňşy ýurda saparynyň barşynda onuň ýany bilen gitdi – diýip, TDH habar berýär.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranda «Saadabad» köşkler toplumyndaky taryhy-medeni binalara baryp gördi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirmek üçin goňşy ýurda saparynyň barşynda onuň ýany bilen gitdi – diýip, TDH habar berýär.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranda «Saadabad» köşkler toplumyndaky taryhy-medeni binalara baryp gördi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirmek üçin goňşy ýurda saparynyň barşynda onuň ýany bilen gitdi – diýip, TDH habar berýär.

Saparyň çäklerinde Ogulgerek Berdimuhamedowa gajarlar neberesiniň dolandyrmagynyň soňky ýyllarynda gurlan «Şahwad» köşgi bilen tanyşdy. Oňa şeýle hem häsiýetli daşarky bezegi sebäpli «Ýaşyl köşk» hem diýilýär.

Toplumda şeýle hem nusgawy eýran nakgaşlygynyň ýygyndylary, milli egin-eşikler we Eýranyň medeniýeti barada düşünje berýän beýleki eksponatlar görkezilipdir.

Soňra Ogulgerek Berdimuhamedowa meşhur häzirki zaman eýran suratkeşi Mahmud Farşçian adyndaky çeperçilik muzeýine ugrady. Bu ýerdäki galereýada nakgaş tarapyndan häzirki zaman we däp bolup gelýän äheň ulanylyp çekilen eserleriniň 54-si saklanýar.

Mundan başga-da, medeni maksatnamanyň çäklerinde Ogulgerek Berdimuhamedowa «Milli muzeýiň» eksponatlaryny görkezdiler, ol ozal Şa Reza Pehlewiniň rezidensiýasy bolupdyr. Gezelenç üçin toplumyň işgärlerine minnetdarlyk bildirip, ol Eýranyň prezidentiniň maşgalasy Jamile Alamolhoda bilen agşamlyk naharyny edinmäge ugrady, agşamlygyň dowamynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026