HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Newadaky şäherde türkmen halysynyň sergisi geçiriler

Maý 27, 2023 | 15:55 |10272
Sankt-Peterburgdaky Russiýanyň etnografiýa muzeýinde 28-nji maýda
Türkmenistanda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän
Türkmen haly gününe bagyşlanan giň gerimli «Haly dünýäsi» dabarasy
geçiriler.Sankt-Peterburgdaky Russiýanyň etnografiýa muzeýinde 28-nji maýda
Türkmenistanda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän
Türkmen haly gününe bagyşlanan giň gerimli «Haly dünýäsi» dabarasy
geçiriler.
Çeşme: orient.tm

Sankt-Peterburgdaky Russiýanyň etnografiýa muzeýinde 28-nji maýda Türkmenistanda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen haly gününe bagyşlanan giň gerimli «Haly dünýäsi» dabarasy geçiriler.

Baýramçylyk çäresi «Russiýa nagyşlarda» etnik festiwalynyň çäginde geçiriler. Şol gün muzeý myhmanlary diňe bir ajaýyp türkmen halylary bilen çäklenmän, eýsem Russiýanyň, Moldowanyň, Baltika sebitiniň ýurtlarynyň haly önümleri we Russiýanyň etnografik muzeýiniň haly ammaryndaky ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrar diýip, Peterburgyň Medeniýeti portaly habar berýär.

Baýramçylygyň myhmanlary üçin awtor gezelençleri, ussatlyk sapaklary we maglumat leksiýalary taýýarlandy. Mysal üçin, «Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň halylary we haly önümleri» gezelençleri myhmanlara Kawkaz we Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýetinde halyçylygyň iň möhüm orny barada gürrüň berer. Bu sebitlerde haly öndürmek hemişe umumy öý senetidi bolup, häzirki wagtda bu senet ýokary sungat derejesine ýetdi.

Halylaryň gözelligini gorap saklamak boýunça baý we dürli görnüşli leksiýa maksatnamasy halylary we onuň önümlerini saklamagyň düzgünleri barada gürrüň berer we adatça gelýänler üçin ýapyk bolan zyýankeşlere garşy göreş otagynda eksponatlary gaýtadan işlemek üçin ajaýyp enjamlar bilen tanyşdyrar.

Rus etnografiýa muzeýiniň haly ammarynyň emele gelşiniň taryhy hem az gyzykly bolmasa gerek. Myhmanlar seýrek eksponatlary we öndüriliş tehnikasyna görä has gyzykly bolan el halylary görerler hem-de dünýäde haly dokamagyň esasy merkezleri barada öwrenerler. Şekillendiriş setiri, muzeýiň surat arhiwindäki haly dokamak we ХХ asyryň başlarynda haly bilen bezelen interýerleri görkezýän seýrek suratlar doldurar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026