HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny" bellemek dabarasy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girer

Maý 27, 2023 | 14:20 |69397
ÝUNESKO 2024-2025-nji ýyllarda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy
mejlisinde agza döwletler tarapyndan teklip edilen 46 sanly senäni bellemek dabarasyna
gatnaşar. Bu sanawa Türkmenistan tarapyndan hödürlenen "Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy" hem goşular. Teklip Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan,
Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan we Ukraina tarapyndan goldanyldy. Bu barada
Türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.ÝUNESKO 2024-2025-nji ýyllarda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy
mejlisinde agza döwletler tarapyndan teklip edilen 46 sanly senäni bellemek dabarasyna
gatnaşar. Bu sanawa Türkmenistan tarapyndan hödürlenen "Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy" hem goşular. Teklip Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan,
Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan we Ukraina tarapyndan goldanyldy. Bu barada
Türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

ÝUNESKO 2024-2025-nji ýyllarda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde agza döwletler tarapyndan teklip edilen 46 sanly senäni bellemek dabarasyna gatnaşar. Bu sanawa Türkmenistan tarapyndan hödürlenen "Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy" hem goşular. Teklip Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan we Ukraina tarapyndan goldanyldy. Bu barada Türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

2024-nji ýylda Türkmenistan beýik akyldar hem şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Baýramçylyk çäreleri halkara guramanyň gatnaşmagynda ýylyň tutuş dowamynda geçiriler.

Bu sanawa Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen bilelikde teklip eden we goldan aşakdaky teklipleri hem girizilen:

Leksikograf we filolog Mahmud al-Kaşgari tarapyndan "Divan Lugat at-Türk" kitabynyň ýazylmagynyň 950 ýyllygy. ("Türk şiweleriniň ýygyndysy" 1074ý.). Wengriýanyň, Mawritaniýanyň, Marokkonyň, Kataryň we Täjigistanyň goldawy bilen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň bilelikdäki teklibi;

Binagär Ajami Nakhiwaniniň doglan gününiň 900 ýyllygy (1125 ý. - XII asyryň ahyry). Türkiýäniň we Türkmenistanyň goldawy bilen Azerbaýjanyň teklibi;

Emir Unsura-al-Meali Keýkawus ibn-Iskender ibn-Kabus ibn-Wuşmagiriň doglan gününiň 1000 ýyllygy. Ermenistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň goldawy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň teklibi;

Şahyr Parwina Etesaminiň (1907-1941) işjeň durmuşynyň 100 ýyllygy. Täjigistanyň we Türkmenistanyň goldawy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň teklibi;

2023-nji ýylyň 24-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň “Dünýä ýatlamasy” halkara sanawyna goşulandygyny ýatlatmak isleýäris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026