HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň tamamlanmagy bilen taraplar bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli resminama gol çekdiler

Maý 26, 2023 | 21:47 |11681
Şu günler Rumyniýanyň Konstanta şäherinde geçirilen we rumyn halkyna baý
türkmen medeniýetini, onuň özboluşly dünýäsini açyp görkezen Türkmenistanyň
Medeniýet günleri 25-nji maýda tamamlandy.Şu günler Rumyniýanyň Konstanta şäherinde geçirilen we rumyn halkyna baý
türkmen medeniýetini, onuň özboluşly dünýäsini açyp görkezen Türkmenistanyň
Medeniýet günleri 25-nji maýda tamamlandy.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Şu günler Rumyniýanyň Konstanta şäherinde geçirilen we rumyn halkyna baý türkmen medeniýetini, onuň özboluşly dünýäsini açyp görkezen Türkmenistanyň Medeniýet günleri 25-nji maýda tamamlandy.

Medeni çäräniň çäklerinde rumyn şäherinde sergi, konsert, “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň film görkezilişi, ylmy we bilim toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar we başga-da birnäçe çäreler geçirildi.

1.jpeg

Bu ýerde kitaplar, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyna, täsin tebigatyna we syýahatçylygynyň özüne çekijiligine bagyşlanan dürli ylmy-populýar edebiýatlar görkezildi.

Türkmen milli egin-eşikleri, öý goşlary, sungatyň we senetçiligiň özboluşly nusgalary ekspozisiýanyň esasy bezegi boldy. Saz gurallary, türkmen zergärleriniň dürlüligi we ajaýyplygy bilen tapawutlanýan nepis şaý-sepleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

2.jpeg

Konstantadaky Medeniýet günleri meşhur türkmen ýerine ýetirijileriniň, halk sazandalarynyň, opera we estrada aýdymçylarynyň, şeýle hem “Dokmaçylar” folklor toparynyň gatnaşmagynda döredijilik baýramçylygy bilen tamamlandy.

Aşgabatda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Bilim ministrlikleriniň arasynda gol çekilen bilim hyzmatdaşlygy maksatnamasy Rumyniýada geçirilen medeni çäreleriň jemleýji sözsoňy boldy.

3.jpg

Gol çekişme 26-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň, rumyn tarapyndan - Rumyniýanyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawalyň gatnaşmagynda geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026