HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen pälwanlary Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşa gitdiler

Maý 26, 2023 | 00:47 |10582
Erkin we grek-rim görnüşi boýunça türkmen pälwanlary 25-30-njy
maý aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçiriljek «Dumitru
Pirvulescu & Vasile Iorga-2023» halkara ýaşlar ýaryşyna gatnaşarlar.Erkin we grek-rim görnüşi boýunça türkmen pälwanlary 25-30-njy
maý aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçiriljek «Dumitru
Pirvulescu & Vasile Iorga-2023» halkara ýaşlar ýaryşyna gatnaşarlar.
Çeşme: orient.tm

Erkin we grek-rim görnüşi boýunça türkmen pälwanlary 25-30-njy maý aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçiriljek «Dumitru Pirvulescu & Vasile Iorga-2023» halkara ýaşlar ýaryşyna gatnaşarlar.

Bu ýaryş üçin türkmen wekiliýetiniň düzümini 19 adamdan, şol sanda 14 türgenden ybarat boldy. Erkin görnüşde: Amir Humaýun (agramy 57 kg çenli), Nurýagdy Baýramdurdyýew (61 kg çenli), Yslamgeldi Wepaýew (65 kg çenli), Parahat Ataýew (74 kg çenli), Soltan Sanjar Begençew (79 kg çenli), Orazmuhammed Hojalyýew (86 kg çenli), Daýançmuhammet Mätiýew (125 kg çenli).

Grek-rim göreş ýaryşlarynda bäş türgen Türkmenistana wekilçilik eder: Abduali Rahymbaýew (55 kg çenli), Kakabaý Kakabaýew (67 kg çenli), Serdar Meýlisow (77 kg çenli), Ýusup Belliýew (97 kg çenli), Ibraim Belliýew (130 kg çenli).

Laçyn Annamyradowa (50 kg çenli) we Maýsa Ýusupjanowa (65 kg çenli) zenanlar göreşinde medal ugrunda bäsleşer.

Türkmen türgenleri çempionatda Batyr Orazgylyjowyň, Şageldi Annaýewiň we Baýram Alyýewiň ýolbaşçylygynda bäsleşerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026