HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen Milli konserwatoriýasy "Çagalyk güni" konsertine çagyrýar

Maý 25, 2023 | 21:54 |11748
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we
mugallymlary tarapyndan taýýarlanan "Çagalyk güni" atly konsert 31-nji maýda
Aşgabatda geçiriler. Aýdym-saz agşamy her ýyl 1-nji iýunda bütin dünýäde bellenilýän
Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanýar.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we
mugallymlary tarapyndan taýýarlanan "Çagalyk güni" atly konsert 31-nji maýda
Aşgabatda geçiriler. Aýdym-saz agşamy her ýyl 1-nji iýunda bütin dünýäde bellenilýän
Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanýar.
Çeşme: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary tarapyndan taýýarlanan "Çagalyk güni" atly konsert 31-nji maýda Aşgabatda geçiriler. Aýdym-saz agşamy her ýyl 1-nji iýunda bütin dünýäde bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanýar.

imgpsh_fullsize_anim (3)(thumb).jpg

Baýramçylyk maksatnamasyna çagalar we ulular, şägirtler we halypalar, ýaş we tanymal artistler - Laçyn Hudaýberdiýewa, Bahram Dolyýew, Döwran Şammyýew, Ýelena Arakelýan, Ýekaterina Darçiýa, Tylla Saryýewa, Ramina Gadimi, Mähri Orazowa, Mansur Şaripow we başgalar gatnaşar. Konsertde Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň çagalary hem çykyş eder, olaryň konserwatoriýanyň sahnasynda çykyşlary eýýäm ajaýyp däbe öwrüldi.

Konsert programmasy tomaşaçylary özboluşlylygy we dürlüligi bilen begendirer. Sahnada türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň çagalar üçin döreden aýdym-saz eserleri, şeýle hem körpeleriň söýgüsini gazanan multfilmlerden we kino eserlerinden kompozisiýalar ýerine ýetiriler.

Konsert 31-nji maýda sagat 18:00-da Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçiriler. Giriş mugt.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026