HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Meşhur fransiýa-belgiýaly ssenarist we režissýor Türkmenistanda ussatlyk sapagyny geçirer

Maý 25, 2023 | 16:44 |8991
26-njy maýdan 4-nji iýun aralygynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Ýewropa kinofilmleriniň görkezilişini we surata düşürmek, şeýle hem dokumental filmleri taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklarynyň birnäçesini geçirer.26-njy maýdan 4-nji iýun aralygynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Ýewropa kinofilmleriniň görkezilişini we surata düşürmek, şeýle hem dokumental filmleri taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklarynyň birnäçesini geçirer.
Çeşme: Instagram / @eu4turkmenistan

26-njy maýdan 4-nji iýun aralygynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Ýewropa kinofilmleriniň görkezilişini we surata düşürmek, şeýle hem dokumental filmleri taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklarynyň birnäçesini geçirer.

Çäreler Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda geçer.

Mälim bolşy ýaly, ussatlyk sapaklarynyň birini fransiýa-belgiýaly ssenarist we režissýor, operator-goýujy Saýmon Gillard geçirer. Öz filmlerinde Saýmon uzakda ýerleşen ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary barada, olaryň medeniýetini, ýaşaýyşyny we şol halklaryň diliniň aýratynlyklaryny gürrüň berýär.

Onuň işleri Kann kinofestiwalynyň baýragyna, Ýewropanyň köne we dokumental kinosyna bagyşlanan iň meşhur italýan festiwaly bolan dei Popoli Festiwalynyň baýragyna, dokumental we gysga metražly filmleriň halkara festiwaly Zinebi-niň baýragyna, dokumental kinonyň halkara festiwaly Cinema du reel-iň, fransuz-dilindäki filmleriň halkara fewstiwaly Namýure Fiff Namur-yň we beýlekileriň baýraklaryna mynasyp boldy.

Surata düşürmek we dokumental filmleri öndürmek boýunça ussatlyk sapagy Türkmenabatda 27-nji maýda sagat 10-da Ýüpek Ýoly otelinde bolar.

Oňa gatnaşmak üçin öňünden hasaba alynmaly we bäsleşigiň seçiminden geçmeli. Isleg bildirýänleriň surat düşürmekde, kino- we şekilli önümçilikde tejribesi bolmaly. Saýlanyp alnan dalaşgärlere habarnama ugradylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026