HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň CAFA-2023 ýaryşynda geçirjek oýunlarynyň rejenamasy mälim boldy

Maý 24, 2023 | 12:25 |8431
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşkentde (Özbegistan) we Bişkekde (Gyrgyzystan) geçjek CAFA Nations Cup 2023 toparlaýyn tapgyrynyň çäklerindäki oýunlarynyň rejenamasy mälim boldy.Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşkentde (Özbegistan) we Bişkekde (Gyrgyzystan) geçjek CAFA Nations Cup 2023 toparlaýyn tapgyrynyň çäklerindäki oýunlarynyň rejenamasy mälim boldy.
Çeşme: Instagram.com / @cafassociation

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşkentde (Özbegistan) we Bişkekde (Gyrgyzystan) geçjek CAFA Nations Cup 2023 toparlaýyn tapgyrynyň çäklerindäki oýunlarynyň rejenamasy mälim boldy.

Türkmen topary Özbegistanyň, Omanyň we Täjigistanyň ýygyndylary bilen A toparyny düzüp, öz oýunlaryny Daşkentde geçirer.

Türkmenistanyň ýygyndysy birinji oýny 11-nji iýunda Täjigistanyň toparynyň garşysyna geçirer. Soňra 14-nji iýunda Oman bilen duşuşar, 17-nji iýundaky oýny bolsa Özbegistanly bäsdeşleri bilen oýnar.

Şol bir wagtda Bişkekde B toparynyň ýygyndylarynyň oýunlary geçer, ol ýerde:

Gyrgyzystan — Owganystan, 10-njy iýunda;

Eýran — Owganystan, 13-nji iýunda;

Gyrgyzystan — Eýran, 16-njy iýunda bolar.

Reglamente laýyklykda toparlaýyn tapgyrda oýunlar aýlaw ulgamy boýunça bir aýlawda geçiriler. Iki toparyň ýeňijileri finalda duşuşarlar. Öz kwartetlerinde ikinji bolan toparlar bolsa üçünji ýer ugrunda göreşerler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026