Özbegistanda guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçýär
Maý 24, 2023 | 10:52 |11221


Özbegistanyň Jizak şäherinde Göreşiň birleşen dünýäsiniň birleşiginiň (UWW) howandarlygynda guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçýär. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.
Birinjilige 12 ýurtdan erkekler we zenanlar, şol sanda Türkmenistandan, Özbegistandan, Ýaponiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Indoneziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan gatnaşýarlar.
Eýýäm «Alyş» görnüşi boýunça nusgawy we erkin görnüşlerde ýeňijiler belli boldy.
Ýaryşlaryň öňünden geçen metbugat maslahatynyň barşynda häzirki wagtda guşakly göreşiň we onuň dürli görnüşleriniň giň ykrar edilendigi we işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.
ORIENT habarlar








