Almatyda Gazagystan we Russiýa uniwersitetleriniň esasynda GDA- da ilkinji bilim şäherçesi (kampus) açylar


Russiýa Federasiýasynyň iki uniwersiteti – Mendeleýew adyndaky Russiýanyň himiýa tehnologiýasy uniwersiteti Dulati adyndaky Taraz Sebit uniwersiteti bilen bilelikde Almaty şäherinde ulgamlaýyn bilim şäherçesini açýar we bu ýerde himiýa pudagy boýunça hünärmenler taýýarlanar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Russiýa we Gazagystan uniwersitetleriniň bilim meýilnamasy uçurymlara iki diplom we iş üpjünçiligini kepillendirýär. Mundan başga-da, uniwersitet şäherçesi Gazagystanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň himiýa pudagy üçin ökde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen GDA-da ilkinji halkara bilim taslamasy bolar.

Taslama dökün öndürmek bilen baglanyşykly "Organiki däl maddalaryň tehnologiýasy" atly ilkinji iki diplomly bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Maksatnama ilkinji kabul edişlik tomusda başlaýar. Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň habarynda bellenip geçilişi ýaly, mekdep uçurymlary birinji ýyla tabşyryp bilerler, uniwersitet şäherçesinde okuwlaryny dowam etdirmek isleýän Gazagystanyň beýleki uniwersitetleriniň talyplary bolsa öz okuwlaryny maksatnamanyň ikinji we üçünji okuw ýylyna geçirdip bilerler.

Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugynyň berýän habarynda: "Russiýanyň uniwersitetleri bilen GDA ýurtlarynyň uniwersitetleriniň arasynda dürli görnüşli aragatnaşyk görnüşlerini goldaýarys we ösdürýäris, şol sanda ulgamlaýyn bilim formatlaryny we iki diplom maksatnamalaryny hem. Bu işe ýokary hünärli işgärler bilen gyzyklanýan senagat hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe" – diýlip, bellenilýär.
ORIENT news








