HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen kikboksçylary Türkiýede geçen dünýä Kubogynda dokuz medal gazandylar

Maý 23, 2023 | 10:37 |11435
Türkmen kikboksçylary Türkiýede tamamlanan dünýä Kubogynda dokuz medal — bir altyn, iki kümüş we alty bürünç medal gazandylar.Türkmen kikboksçylary Türkiýede tamamlanan dünýä Kubogynda dokuz medal — bir altyn, iki kümüş we alty bürünç medal gazandylar.
Çeşme: Instagram / @wako_turkmenistan

Türkmen kikboksçylary Türkiýede tamamlanan dünýä Kubogynda dokuz medal — bir altyn, iki kümüş we alty bürünç medal gazandylar.

Muhammetnazar Gurbannazarow 60 kg çenli agram derejesinde münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Eziz Meredow (51 kg çenli) we Yslam Rahmetow (71 kg çenli) kümüş medala mynasyp boldular.

Atajan Atamyradow (54 kg çenli), Omargeldi Nurgeldiýew (57 kg çenli), Toýlymyrat Ýegeleýew (79 kg çenli), Serdar Mämmedow, Hajymyrat Geldimämmedow (ikisi hem - 86 kg çenli) we Gülzada Jorakuliýewa (65 kg çenli) bürünç medallaryň eýeleri boldular.

Türkiýede geçen ýaryşda türkmen wekiliýetine 15 adam, şol sanda 14 türgen wekilçilik etdiler.

Ýaryşlara dünýäniň 35 ýurdundan üç müňden gowrak türgen gatnaşdy. Ýaryşyň guramaçylary bolup Kikboksing guramalarynyň bütindünýä birleşmesi (WAKO) çykyş etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026