Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyň üstünde işleýändigi barada gürrüň berdi


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny ýazyp, tamamlap gelýändigi barada Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisiniň barşynda habar berdi – diýip, TDH habar berýär.
Kitap eýýäm ýakyn wagtda okyjylaryň giň köpçüligine elýeterli bolar. Çuňňur paýhas bilen doldurylan täze eser türkmen halkynyň dünýägaraýşynyň esaslaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýär – diýlip, türkmen döwlet habarlarynyň habarynda aýdylýar.
Täze kitap Milli Lideriň geçen ýylyň aprel aýynyň aýagynda neşir edilen «Ömrümiň manysy» eseriniň dowamydyr. Biziň döwürdeşlerimiziň gazanan üstünlikleri bilen bir hatarda, kitapda türkmenleriň gahrymançylykly geçmişi, dörediji halkyň köp nesilleri tarapyndan döredilen we adamzat siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen maddy we ruhy medeniýetiň gymmatlyklary hakyndaky sahypalar uly orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen taryhyna, atlaryna, alabaýyna, halysyna, sazyna, aşhanasyna, çaýyna, nakyllaryna bagyşlanan dürli tematikadaky kitaplaryň birnäçesiniň awtorydyr. Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasynda 60-dan gowrak kitap bar, olaryň köpüsi daşary ýurt dillerine terjime edildi.
ORIENT habarlar








