Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Çagalar dikeldiş merkezi açylar


Ýakyn wagtda Arkadag şäherinde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi açylar – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisiniň barşynda habar berdi.
Täze merkeziň açylmagy howandarlyga mätäç çagalara kömek etmek boýunça işleriň gerimini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Bu ugurdaky maksatlaýyn işler diňe güýçlendiriler. Munuň üçin döwletiň hem, Gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Mundan başga-da, Geňeşiň agzalary tarapyndan ýerlerde geçirilýän işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, döwlet ähmiýetli öňde duran çärelere, hususan-da, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň dabaralaryna taýýarlyk, şeýle hem bugdaý hasylyny ýygnamak kampaniýasyna başlamak, şäherlerdäki we obalardaky işleriň ýagdaýy, geljekdäki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT habarlar








