Türkmenistanda Türkiýede geçiriljek prezident saýlawlarynda ses berişligiň ikinji tapgyry başlandy
Maý 20, 2023 | 22:53 |6204


Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlary 28-nji maýda Türkiýede geçiriljek prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry üçin saýlaw uçastogyna geldiler.
Ýerli wagt bilen sagat 08:00-da daşary ýurt saýlaw sanawlarynda hasaba alnan saýlawçylar Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasynda ýerleşdirilen saýlaw gutusynda ses berip başladylar.
Ilçi Togan Oral hem Türkmenistanda 22-nji maýda sagat 20:00-a çenli dowam etjek ses berilşikde ses berdi.
Oral, ses bermegiň konstitusiýa hukugydygyny belläp, şeýle hem munyň ýurduň geljegini kesgitlemäge gatnaşmaga mümkinçilikdigini nygtady.
Maý aýynda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda Türkmenistanda türk saýlawçylarynyň gatnaşygy 54,65 göterim boldy.
ORIENT news








