HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly okuwçy mekdep okuwçylarynyň Awiasiýa boýunça olimpiadanyň ýeňijisi boldy

Maý 20, 2023 | 12:11 |8486
Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kirill Sultanmuradow 2022-2023-nji okuw ýylyndaky mekdep okuwçylarynyň Awiasiýa boýunça olimpiadada üçünji ýeri eýeledi. Ol Rosawiasiýanyň ýardam etmeginde başlangyç uçuş taýynlygy bolan Moskwanyň umumybilim berýän mekdebi tarapyndan geçirildi.Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kirill Sultanmuradow 2022-2023-nji okuw ýylyndaky mekdep okuwçylarynyň Awiasiýa boýunça olimpiadada üçünji ýeri eýeledi. Ol Rosawiasiýanyň ýardam etmeginde başlangyç uçuş taýynlygy bolan Moskwanyň umumybilim berýän mekdebi tarapyndan geçirildi.
Çeşme: aviationunion.ru

Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kirill Sultanmuradow 2022-2023-nji okuw ýylyndaky mekdep okuwçylarynyň Awiasiýa boýunça olimpiadada üçünji ýeri eýeledi. Ol Rosawiasiýanyň ýardam etmeginde başlangyç uçuş taýynlygy bolan Moskwanyň umumybilim berýän mekdebi tarapyndan geçirildi.

Kirill Sultanmuradowy gaýybana gutladylar, ýakyn wagtda oňa diplom gowşurylar.

Awiasiýa boýunça ýaryşyň jemleri boýunça Moskwa şäheriniň 1358-nji mekdebiniň okuwçysy Aleksandr Perfilow iň gowusy boldy, ikinji ýeri - Russiýanyň Ýaroslawl şäheriniň 58-nji mekdebiniň okuwçysy Nikolaý Owçinnikow eýeledi.

Ýeňijileri Rosawiasiýanyň ýolbaşçysynyň orunbasary Dmitriý Ýadrow gutlady we olara mundan beýläkde üstünlikleri arzuw etdi. Ol raýat awiasiýasynda kämil ýoluň saýlanmagy adamdan çuňňur bilimleri, şeýle hem işe jogapkärli çemeleşmegi we tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini talap edýändigini belledi.

Mekdep okuwçylarynyň awiasiýa olimpiadasy ýaşlary hünäre ugrykdyrmaga, uçar dolandyryjysynyň kärini meşhur etmäge, şeýle hem raýat awiasiýasynyň okuw mekdeplerine girýän dalaşgärleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Oňa Russiýanyň 12 sebitinden we daşary ýurtdan ýetginjek gyzlar we oglanlar gatnaşdylar, olar umumybilim berýän hünär derslerini we mekdep maksatnamasynyň dersleri bilen utgaşdyrylan ýörite awiasiýa dersleri boýunça synaglary tabşyrdylar. Gatnaşyjylaryň beden taýdan taýýarlyklary aýratyn synag edildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026