Aşgabatda Welnes güni – Aşgabat halkara mekdebi rahat dynç alyşa çagyrýar


Ösen tehnologiýalar, depginli dinamika döwründe iş-aladalar bilen gurşalan adamlar iň möhüm zady – beden we ruhy sagatlygyny ünsden düşürýärler. Daşky gurşawyň ruhy saglyga edýän täsirini peseltmegiň ähmiýeti sport bilen meşgullanmakdan we dogry iýmitlenmekden pes däldir, şunuň bilen baglylykda Aşgabatda ilkinji gezek Welnes güni (Beden we ruhy saglygyň güni) geçiriler.
Çäre 21-nji maý, ýekşenbe güni Aşgabat halkara mekdebinde geçiriler. Çärä gatnaşjaklara näme garaşýandygy, taslama barada pikiriň nädip ýüze çykandygy we welnesiň düýp mazmuny barada çäräniň guramaçylarynyň biri bolan şu mekdebiň ýokary synp okuwçysy Lara Tunçer ORIENT-e giňişleýin gürrüň berdi:
— Bu çäräni guramaga size näme itergi berdi?
— Dogrymy aýtsam, bu pikir birdenkä peýda boldy. Psihologiýa boýunça maglumatlary öwrenenimde, dostlarym bilen rahat dynç alyşy gurnasak kem bolmazdy diýip pikir etdim. Bu barada ejeme gürrüň berdim, bu pikir oňa-da az ýaramady. Ejem bu teklibi ene-atalar komiteti, mekdep ýolbaşçylary bilen maslahatlaşdy, şeýlelikde ynha eýýäm şu ýekşenbede biz Aşgabatda ilkinji Welnes gününi geçirýäris.
— Näme üçin welnes? Onuň manysy we sagdyn durmuş ýörelgesinden tapawudy näme?
— Bolýar, düşündirmäge synanyşaýyn (gülýär). Sagdyn durmuş ýörelgesi dogry iýmitlenmegi, maşk/sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, zyýanly endiklerden gaça durmagy we ş.m. göz öňünde tutýar. Başgaça aýdylanda, sagdyn durmuş ýörelgesi beden saglygy barada alada etmek. Welnes bolsa ruhy, akyl saglygyny öz içine alýar. Welnes konsepsiýasynda hut stresden dynmaga we rahat dynş alyşa köp üns berilýär. Welnesiň tarapdarlary hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýärler, ondan daşary, olar öz psihiki saglygy we köňül rahatlygy barada-da alada edýärler.
— Çäreden nämä garaşýarsyňyz? Jemleýji maksadyňyz barmy?
— Bu biziň ilkinji Welnes günümiz. Hemmämiz örän tolgunýas, şonuň üçin nämä garaşjagymy hem bilemok. Näme bolsa-da, bu ajaýyp tejribe bolar. Biz ähli islegleri we teklipleri göz öňünde tutup, şeýle çäräni geljek ýyl ýene gurnamak üçin seslenmelere garaşýas. Men adamlaryň şol güni hiç bir aladasyz, ruhy lezzet bilen rahatlykda geçirmegini isleýärin. Myhmanlar ruhy taýdan dartgynly, aladaly bolaýanda-da, biziň paýlaşmagy göz öňünde tutýan öz-özüňi köşeşdirme usullarymyz olara rahatlanmaga we wagtyny oňat geçirmäge ýardam eder. Bu çäre biziň ozalky geçirýänlerimizden tapawutlanýar. Güýmenje ýerine, biz ünsümizi rahat dynç alyşa, göwün asudalygyna gönükdireris. Çärä 12 ýaşly we ondan ulular gatnaşyp bilerler. Ýoga we meditirleme, 3D fitnes we neýrografika, organiki iýmit, öz-özüne kömek boýunça edebiýatlar, myhmanlaryň islegine görä, ýörite çagyrylan psihologyň maslahaty, boks boýunça ussatlyk sapagy we ş.m. Myhmanlarymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!
Çäre sagat 16:00-da başlar we dört sagat, agşam 20:00-a çenli dowam eder. Guramaçylar isleg bildirýänlere sport eşiginde gelmegi we ýany bilen düşekçe getirmegi maslahat berýärler. Giriş tölegli (50 manat).
Telefon belgileri:
+99365670104, +99365564844;
ashgabatwellnessday@gmail.com;
Instagram: @ashgabatwellnessday.
ORIENT news








