HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti “Russiýa-Yslam dünýäsi” forumynyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirer

Maý 18, 2023 | 00:54 |8781
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet
“Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma
gatnaşmak üçin Tatarstanyň paýtagtyna geldi. Bu barada türkmen DIM-niň
metbugat gullugy habar berdi.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet
“Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma
gatnaşmak üçin Tatarstanyň paýtagtyna geldi. Bu barada türkmen DIM-niň
metbugat gullugy habar berdi.
Çeşme: sputnikmediabank.com

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Tatarstanyň paýtagtyna geldi. Bu barada türkmen DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Giň göwrümli çäräniň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Türkmen tarapyndan forumyň işine hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi gatnaşýarlar.

Çäräniň maksatnamasynda onlarça sessiýa meýilleşdirildi, şol sanda, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine bagyşlanan mowzuga- da serediler. Taslama bu ugur boýunça ýük daşamalarda wajyp orny eýeleýän Türkmenistanyň hem gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi hakynda ylalaşyga resmi taýdan goşulmak isleýändigini mälim etdi we häzirki wagtda bu babatda degişli işler alnyp barylýar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe resmi duşuşyklary meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde halal önümçiligine bagyşlanan «Russia Halal Expo» atly halkara sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanda öndürilen önümler hem görkeziler.

Serginiň açylyş dabarasyna Russiýanyň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow gatnaşar. Ýokary derejeli myhmanlaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň wise-premýerleri Andreý Belousowyň, Marat Husnulliniň, Alekseý Owerçugyň, şeýle hem Moskwanyň we Bütin Russiýanyň patriarhy “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin 85 ýurtdan 7210 adam hasaba alyndy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026