Peterburgda ýewraziýaly žurnalistleriň gatnaşmagynda "Medeniýetleriň dialogy" atly metbugat forumy geçirilýär


Ýaş žurnalistleriň "Medeniýetleriň dialogy" atly XVII Halkara metbugat forumy anna güni Newa boýundaky şäherde 15 ýurduň bilermenlerini ýygnady. KHBS-niň ýaş wekilleri Ýewraziýanyň media giňişliginde medeniýetleriň gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Döwlet Ermitaj muzeýinde geçirilýär, - diýip, RIA Nowosti taslamanyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.
Metbugat beýanatynda: "17 ýyl bäri forum gepleşik görnüşine gatnaşyjylaryň häzirki zaman metbugat meselelerine jogap gözleýän, dürli medeniýetleri birleşdirmäge gönükdirilen döredijilik taslamalaryny hödürleýän ýeri bolup galýar" – diýilýär.
Şenbe güni, 20-nji maýda “Men bu ýerde ýaşaýaryn” atly halkara fotosurat sergisi açylar. Sergi Ýewraziýanyň ýaş awtorlaryň iň gowy foto eserleriniň 400-sinden düzülendir.
Forumyň çäginde sanly platformalar üçin "Men bu ýerde ýaşaýaryn" atly dokumental filmler, teleýaýlym programmalary we wideo taslamalary festiwaly hem geçiriler. Maksatnama 14 ýurtdan hödürlenen taslamalary öz içine alýar. Ermitajda iki günlük işden soňra foruma gatnaşyjylar we Sankt-Peterburg döwlet kino we telewideniýe institutynyň talyplary Gatçinä, Şlisselburga, Tosna, Wyborga, Welikiý Nowgoroda, Petrozawodskä we Pskowa baryp, “Russiýada bir gün” atly demirgazyk- günbatar sebiti barada gürrüň berýän wideoýazgylary taýýarlarlar.
“Mediýa forumymyz başga bir medeniýetiň wekiliniň gözi bilen özümizi görmäge kömek edýär. Dialogda şeýle uç-gyraksyz we heniz doly öwrenilmedik Ýewraziýanyň hakykatdanam dürli derejedäki dialoglar arkaly göze görünmeýän we asla duýulmaýan, ýöne juda pugta özara baglanyşygynyň bardygy aýdyň bolýar” – diýip, guramaçylyk toparynyň başlygy Aşot Jazoýan taslama barada gürrüň berýär.
Metbugat forumy 23-nji maýda öz işini tamamlar.
ORIENT news








