HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda doly ene-ata gözegçiligi bolan çaga smartfonyny hödürlediler

Maý 19, 2023 | 15:57 |8697
Hytaýyň Baidu tehnologiki ägirdi çagalar üçin yzarlamak funksiýasy bilen Xiaodu Qinghe ilkinji smartfon-repetitoryny hödürledi.Hytaýyň Baidu tehnologiki ägirdi çagalar üçin yzarlamak funksiýasy bilen Xiaodu Qinghe ilkinji smartfon-repetitoryny hödürledi.
Çeşme: gazeta.ru

Hytaýyň Baidu tehnologiki ägirdi çagalar üçin yzarlamak funksiýasy bilen Xiaodu Qinghe ilkinji smartfon-repetitoryny hödürledi.

Xiaodu Qinghe ulanyja bilim mümkinçilikleriniň giň saýlawyny hödürleýän ýörite programma üpjünçiliginiň esasynda işleýär.

Gurluşyň baş ekranynda sesli kömekçiniň funksiýalary bilen wirtual repetitor ýerleşýär. Onuň kömegi bilen çaga kitaplary okap bilýär, ýumuşlary ýerine ýetirip bilýär, täze temalary öwrenip bilýär, küşt oýnap bilýär, gündelik ýöredip bilýär we okuw bilen baglanyşykly başga-da köp zatlary edip bilýär. Şeýle hem gajet müňden gowrak kitaby ýadynda saklaýar we dürli dersler boýunça 30 müň kurs ýadyna ýüklenendir.

Kiçijik ulanyjy audio-kitaplary diňläp bilýär, emeli intellektiň goldawy bilen onlaýn-kurslary geçip bilýär, şeýle hem barlag işleriniň we çat-botyň leksiýalarynyň kömegi bilen alnan bilimleri barlap bilýär.

Ähli ýerine ýetirilen ýumuşlary skanirläp bolýar — neýrosetler olaryň dogrulygyny barlarlar we tersin baglanyşyga geçerler. Akylly gurluşyň esasy aýratynlygy onuň ulanyjynyň ene-atasyna uzakdan giriş arkaly smartfona baglanyp, onuň okaýşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýänligidir. Mundan başga-da, ene-atalar öz çagalarynyň ýerleşýän ýeri hakynda 10 metr takyklyga çenli habardar bolup bilýärler, kameranyň üsti bilen töweregi görüp bilýärler, onuň telefonyndan gerekmejek aragatnaşyk belgilerini aýryp bilýärler. Smartfon ene-atalara gurluşdaky suratlary, şekilli görnüşleri, ýazyşmalary we beýleki maglumatlary görmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, smartfon onuň nädogry şertlerde ulanylýandygy barada, meselem, çaganyň ýatmaly mahaly ýa-da pes ýagtylykda ulanylýandygy barada ene-atalary duýduryp bilýär.

ORIENT habralar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026