HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşenbede Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Maý 19, 2023 | 10:29 |6872
Türkmenistan Duşenbede öz işini tamamlan howanyň üýtgemegi boýunça 5-nji Merkezi Aziýa Maslahatyna (ЦАКИК-2023) wekilçilik etdi.Türkmenistan Duşenbede öz işini tamamlan howanyň üýtgemegi boýunça 5-nji Merkezi Aziýa Maslahatyna (ЦАКИК-2023) wekilçilik etdi.
Çeşme: carececo.org

Türkmenistan Duşenbede öz işini tamamlan howanyň üýtgemegi boýunça 5-nji Merkezi Aziýa Maslahatyna (ЦАКИК-2023) wekilçilik etdi.

Iki günlük çäre Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiki merkezi (РЭЦЦА) tarapyndan «Howanyň üýtgemegine we onuň netijelerini Aral deňziniň sebitinde gowşatmaga goşmaça maliýeleşdirme» (CAMP4ASB AF) we «Suw-energiýa-azyk» özara arabaglanyşygynyň esasynda pudagara maliýeleşdirmesini höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa Dialogy» (Neksus) taslamalarynyň çäklerinde guraldy.

Maslahat gyzyklanýan taraplar, şol sanda döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri, halkara guramalaryň, ösüş banklarynyň, bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleri, ýaşlar liderleri, ylmy edaralaryň wekilleri üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Pariž ylalaşygynyň çäklerinde öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligi hakynda sebitleýin köptaraplaýyn dialog üçin meýdança döredildi.

Gatnaşyjylar suw we energetika howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýada karbonlaşdyrmagy ýok etmegiň maksatlarynyň uludygy, ýöne oňa ýetmegiň mümkindigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlara gazylyp alynýan ýangyja bolan garaşlylygy azaltmak üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Iki günüň dowamynda 6 esasy we 11 ugurdaş sessiýalar geçirildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026