Gazagystanda türki dillerde sözleýişi tanamagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler


Gazagystanda türki dillerde sözleýişi anyklamagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu barada Nazarbaýew Uniwersitetiniň Akylly ulgamlar we emeli intellekt boýunça institutyň (NU ISSAI) direktory-esaslandyrjysy Huseýn Atakan Warol habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, tehnologiýa onlarça türki dilleriň sözleýşini – gazak, azerbaýjan, başgyrt, gyrgyz, saha, tatar, türk, uýgur, özbek we çuwaş sözleýşini tanaýar.
«Häzir biz sanly asyrda ýaşaýarys we bu dünýäde biz kompýuterler, smartfonlar we beýleki akylly gurluşlar bilen tebigy dili ulanyp gürleşmeli bolýarys. Bu bizden sözleýşi tanamagyň algoritmlerini işläp düzmeklgi talap edýär, şolar bilen kompýuterler sözleýişi eşidýärler we oňa düşünýärler» – diýip, Huseýn Atakan Warol belledi.
Professoryň nygtamagyna görä, dili tanamagyň tehnologiýasyny durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylyp bilner.
«Göz öňüne getiriň, diýeli siz banka jaň edýäňiz we bot bilen özara gatnaşyga girýäňiz, we ol bot siziň diliňize düşünmeli. Eger-de siz iňlisçe gürleýän bolsaňyz bu örän ýönekeý, sebäbi iňlis diliniň sözleýşini tanamak modeli bar. Ýöne bu botlar öň gazak dilinde ýokdy we şol sebäpli siz bu görnüşdäki botlar we beýleki sanly agentler bilen gazak dilinde gürleşip bilmerdiňiz, ýöne häzir bu mümkin boldy» - diýip, professor aýtdy.
ORIENT habarlar








