HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşyny gurady

Maý 19, 2023 | 15:41 |6594
Türkmenistan Täjigistandaky muzeýleriň Halkara gününe bagyşlanan dabaralarda milli äheňde döredilen we milli egin-eşikler, halk şaý-sepleri we halylar bilen bezelen ekspozisiýa bilen wekilçilik etdi.Türkmenistan Täjigistandaky muzeýleriň Halkara gününe bagyşlanan dabaralarda milli äheňde döredilen we milli egin-eşikler, halk şaý-sepleri we halylar bilen bezelen ekspozisiýa bilen wekilçilik etdi.
Çeşme: @tkm_embassy_tajikistan

Türkmenistan Täjigistandaky muzeýleriň Halkara gününe bagyşlanan dabaralarda milli äheňde döredilen we milli egin-eşikler, halk şaý-sepleri we halylar bilen bezelen ekspozisiýa bilen wekilçilik etdi.

Duşenbäniň Milli muzeýiniň binasynda geçen «Muzeýdäki gije» çäresiniň çäklerinde türkmen diplomatik wekilhanasy tarapyndan şeýle hem Arkadag şäheri tanyşdyryldy - diýip, Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.

Myhmanlara Türkmenistandaky «akylly» şäheri gurmakda tehnologiki we ekologiki çözgütler görkezildi. Mundan başga-da, Duşenbede akkreditirlenen döwletleriň diplomatik missiýalarynyň gatnaşmagynda geçen çärede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.

Konstitusiýa we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan diwarlyk, şeýle hem türkmenleriň milli aşhanasynyň tagamlary we dutaryň sesi öwüşginiň we aýratyn baýramçylyk gurşawynyň üstüni ýetirdi.

Çärä Täjigistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan başlangyç berildi. Oňa jemgyýetçilik guramalary, talyp ýaşlar we täjik intelligensiýasynyň görnükli wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026