HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Maý 17, 2023 | 23:19 |10818
Çarşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Goetzpartners» we
«Prodoehl Consult» geňeşçi kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – Stefan Getsi, Stefan
Sanktýohanseri, Hans Prodel we Germaniýanyň işewür wekiliýetiniň beýleki
agzalaryny kabul etdi.Çarşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Goetzpartners» we
«Prodoehl Consult» geňeşçi kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – Stefan Getsi, Stefan
Sanktýohanseri, Hans Prodel we Germaniýanyň işewür wekiliýetiniň beýleki
agzalaryny kabul etdi.
Çeşme: tv.online.tm

Çarşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Goetzpartners» we «Prodoehl Consult» geňeşçi kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – Stefan Getsi, Stefan Sanktýohanseri, Hans Prodel we Germaniýanyň işewür wekiliýetiniň beýleki agzalaryny kabul etdi.

Duşuşykda myhmanlar, german işewür toparlarynyň köp ýyllyk tejribesi we geljegi uly bolan Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

2.jpg

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň konstruktiw hyzmatdaşlyga açykdygyny we Germaniýany Ýewropa Bileleşigindäki möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşlaryndan biri hökmünde görýändigini aýtdy.

3.jpg

Iki ýurduň hem senagat, oba hojalyk, bank pudagynda hem-de ulag we aragatnaşykda üstünlikli işleşýändigi bellendi. Birnäçe iri german kompaniýasy türkmen bazaryndaky ornuny berkitmegi başardy.

Hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmagy we Türkmenistanda lukmançylyk edaralarynyň öňdebaryjy german kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen üpjün edilmegini öz içine alýan saglygy goraýyş pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk munyň görkezijisidir.

4.jpg

Ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligi üçin şertleriň döredilmegi hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açýar. Bu nukdaýnazardan Türkmenistanyň german işewürliginiň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026