Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG Bütindünýä durnukly ulag gününi döretdi

Maý 17, 2023 | 21:40 |12520
Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji global konferensiýanyň geçirilýän güni –
2016-njy ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi.
Bu günüň yglan edilmegi baradaky rezolýusiýa, BMG-nyň Baş Assambleýasy
tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň
70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji global konferensiýanyň geçirilýän güni –
2016-njy ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi.
Bu günüň yglan edilmegi baradaky rezolýusiýa, BMG-nyň Baş Assambleýasy
tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň
70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.
Çeşme: un.mission.gov.tm

Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji global konferensiýanyň geçirilýän güni – 2016-njy ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi. Bu günüň yglan edilmegi baradaky rezolýusiýa, BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili, ilçi Aksoltan Ataýewa «Bütindünýä durnukly ulag güni» rezolýusiýasy bilen tanyşdyranda, rezolýusiýanyň iş böleginiň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň başlygy tarapyndan BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça bölümi bilen hyzmatdaşlykda, durnukly ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça BA-nyň ýokary derejeli ýygnagynyň 78-nji mejlisinde geçirilmegini göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Ataýewa, durnukly ulag üçin durnukly gelejek üçin möhümdigini, 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginde esasy orun tutýandygyny aýtdy.

Şeýle hem, Bütindünýä durnukly ulag gününiň durnukly daşamagyň we hereketiň peýdalary barada habardarlygy ýokarlandyrmaga, az zyňyndy ulag usullaryny ösdürmäge, alternatiw ýangyç we energotygşytlaýjy ulaglary ulanmaga, sebit we global derejede aragatnaşygy berkitmäge mümkinçilik berjekdigi, şeýle hem global ulag ulgamynyň durnuklylygyna we ygtybarlylygyna ýetmegiň ýolunda öňdebaryjy tejribäniň we çözülmedik meseleleriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli garalmagynda möhüm orun tutýandygy bellenildi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň geçirilmeli ýokary derejeli ýygnagy, 2030-njy ýyldaky gün tertibinde, Pariž ylalaşygynda, şäherleri ösdürmegiň täze maksatnamasyna we ýokary derejeli Global ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça ýygnagyň syýasy jarnamasynda kesgitlenen ulag pudagyndaky maksatlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam eder diýip, Türkmenistanyň BMG- daky hemişelik wekiliniň habarynda aýdylýar.

Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky rezolýusiýa 67 döwletiň gatnaşmagynda ylalaşyk esasynda kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026