Russiýa Türkmenistanyň Bitaraplyk nusgasyna ýokary baha berýär: Aleksandr Wolgarýow


Russiýa, Türkmenistanyň Bitarap statusyna we oňa esaslanýan ýurduň syýasatyna ýokary baha berýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň ÝHHG- daky hemişelik wekiliniň orunbasary Aleksandr Wolgarýow sişenbe güni geçirlen «Bitarap döwletleriň ÝHHG-nyň sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde tutýan orny» atly halkara forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Aşgabat forumyna Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň parlamentleriniň agzalary, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäre, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guraldy diýip, TASS habar berýär.
«Daşary syýasat ugruny beýleki döwletler bilen gatnaşyklara zyýan bermezden öz döwletiniň bähbitleriniň östünden goramaga taýýarlyk şu gün batyrgaýlygy we strategiki köptaraplylygy talap edýär. Üstünligiň aýdyň mysaly – Türkmenistanyň syýasatydyr. Aşgabat – ulaldyp aýdanym däl, asyrlaryň çatrygynda häzirki zaman bitaraplygyň kesgitlemesiniň gözbaşynda. Russiýa şeýle çemeleşmä ýokary baha berýär, adalatly köp polýar dünýäni emele getirmekde möhüm elementler hökmünde hyzmatdaşlarynyň syýasy däplerine hem-de medeni we siwilizasiýa dürlüligine hormat goýýar», -diýip Aleksandr Wolgarýow aýtdy.
Bitaraplyk düşünjesini «türkmençe» 21-nji asyryň hakykatlaryna has uýgunlaşdyrylan diýip atlandyrdy we Günbatar - Fin, Şwesiýa, Awstriýa, Şweýsariýa bitaraplyk modeliniň häzirki zaman geosyýasy hakykatlaryň synagyndan geçmändigini belläp, Russiýa Federasiýasynyň wekiliniň orunbasary, onuň aslynda, şowsuz bolandygyny düşündirdi.
Wolgarýowyň pikiriçe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nusgasy güýç üçin synagdan geçirilýär. «Türkmenistan asyrlaryň çatrygynda häzirki zaman bitaraplygyň kesgitlemesiniň gözbaşynda durdy. Türkmen nusgasy, ilki bilen türkmen halkynyň bähbitlerini berjäý etmeklige: birine garşy dost bolmaly däl, birine garşy bileleşik döretmeli däl-de, ilkinji nobatda öz halkynyň, ýurduň, onuň ykdysady bähbidi, hemme bu ýurt bilen işleşmekden hoşal bolar ýaly adam mümkinçiligini ösdürmegiň bähbitleri üçin dost bolmaklyga esaslanýar», - diýip ol sözüni jemledi.
BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldaw bermegi bilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada ýörite rezolýusiýa kabul edildi. Bu rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi, 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen Baş Assambleýanyň 69-njy mejlisinde geçirildi.
ORIENT news








