Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we ÝUNISEF çagalaryň bähbidi üçin adalat ulgamyny berkitmegi dowam etdirýärler


Çarşenbe güni ÝUNISEF tarapyndan guralan tegelek stoluň esasy mowzugy – adalat işinde gaýtadan söhbetdeşlik ýa-da sorag wagtynda ýüze çykyp biljek artykmaç şikeslerden goramak üçin çagalaryň gatnaşmagyndaky derňewler wagtynda dostlukly çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri döretmek boldy.
Duşuşyga hukuk goraýjy edaralaryň, sosial pudagyň ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem Baş prokuraturanyň, Içeri işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli işgärleri hem-de beýleki milli we halkara bilermenleri gatnaşdylar.
Gatnaşanlar bu ugurda Türkmenistanda toplanan oňat tejribäniň mysallaryny, jenaýat hukuklary babatynda kanunçylygy güýçlendirmek boýunça teklipleri, şeýle hem adalat ulgamyna çagalara dostlukly çemeleşmegiň peýdalaryny we derňewçileriň mümkinçiliklerini ösdürmegiň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen hökümetiniň çagalaryň pidalaryny we jenaýat şaýatlaryny goramak boýunça çäreleri has-da güýçlendirmek üçin çäreleri görýändigi bellenildi. Dostlukly gurşawda soraglary ýazga almak üçin tehnologiýany ulanmak ýaly häzirki zaman derňew usullarynyň ornaşdyrylmagy barada gürrüň edilýär.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea öz çykyşynda halkara ülňüleriniň, kanun bilen gatnaşyga girýän çagalary goramak üçin aýratyn çäreleriň kabul edilmegini talap edýändigini aýtdy. Bu, çagalaryň şahsy durmuşyny goramak, goldaw hyzmatlaryny bermek we derňew wagtynda çaganyň howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly gazanylyp bilner.
Türkmenistandaky ÝUNISEF Içeri işler ministrligi we beýleki hyzmatdaşlar bilen çagalaryň bähbidine meýilnamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy dowam etdirer diýip bilermen belledi.
Bu başlangyç Germaniýanyň Federal Daşary Işler Minsitrliginiň we Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň Ilçihanasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.
ORIENT news








