Bişkekde Türkmenistanyň ÝOM-leri bilen Gyrgyzystanyň Milli uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy


Bişkekde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Şadurdy Meredow we Gyrgyzystanyň Ýusup Balasagyn adyndaky Milli uniwersitetiniň rektory Tolobek Abdyrahmanow Türkmenistanyň ÝOM-leri bilen uniwersitetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşygy ylym we bilim pudagynda ösdüriler - taraplar bilelikdäki maslahatlary, forumlary we beýleki ylmy we döredijilik çärelerini geçirmegi ylalaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Eýýäm 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Gyrgyzystanda tegelek stol geçiriler we 2024- nji ýylda bolsa "Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy" atly halkara ylmy maslahat geçiriler.
Rektor Tolobek Abdyrahmanow türkmen ilçihanasynyň Magtymguly Pyragynyň eserlerini gyrgyz diline terjime etmek işine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
ORIENT news








