HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç we energetika toplumy boýunça wise-premýeri täzeledi

Maý 13, 2023 | 21:45 |15121
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşyrguly Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşyrguly Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Çeşme: tv.online.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşyrguly Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň ozalky başlygy Batyr Amanowy ýangyç we energetika toplumyna jogapkär premýer-ministriň orunbasary wezipesine belledi.

Döwlet baştutany bu karary şenbe güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde yglan etdi.

Aşyrguly Begliýew 2023-nji ýylyň fewralyndan bäri premýer-ministriň orunbasary bolup işledi, ondan ozal, 2022-nji ýylyň aprelinden bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirdi. 2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli “Türkmengaz” DK ýolbaşçylyk etdi.

2-1.jpg

Batyr Amanow 2020-nji ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” DK başlygy wezipesine bellendi. Ondan ozal ol Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş müdiri we nebit-gaz pudagynda beýleki wezipelerde işledi.

Şu wagta çenli “Türkmengaz” DK başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Maksat Babaýew konserniň başlygy wezipesine bellendi. Ondan ozal 2017- nji ýylda Babaýew “Türkmengaz” DK ýolbaşçylyk edipdi, 2018-nji ýylyň apreline çenli Ministrler Kabinetiniň başlygynyň nebit we gaz boýunça orunbasary bolup işledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026